Sepleriň elýeterliligi

Orsýet bilen ABŞ Siriýa üstünde çekeleşýär


Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow (çepde) Tähranda Eýranyň ýadro meselsi boýunça araçy wekili Said Jalili bilen duşuşykda. Tähran, 13-nji iýun, 2012.

Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow (çepde) Tähranda Eýranyň ýadro meselsi boýunça araçy wekili Said Jalili bilen duşuşykda. Tähran, 13-nji iýun, 2012.

Orsýet we Birleşen Ştatlar Siriýa üstünde biri-birini tankyt edýär.

Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow çarşenbe güni Eýrana sapara bardy. Ol şol gün Tähranda Eýranyň resmileri bilen geçiren duşuşygynda özleriniň Siriýa we beýleki ýurtlara asuda ilata garşy ulanyp boljak zatlary bermeýändigini aýtdy.

Bu wakanyň öňýany, sişenbe güni ABŞ-nyň Döwlet sekretary Hillari Klinton Orsýeti Siriýanyň prezidenti Başar al-Assadyň režimini agyr ýaraglar bilen üpjün etmekde we ýurtdaky gandöküşikligi has ýaramazlaşdyrmakda aýyplap çykyş edipdi.

Ol: “Biz Orsýetiň Siriýa yzygiderli ýarag ýollamagyna garşy çykyş edip gelýäris. Olar käte-käte biziň bu barada alada galmaly däldigimizi, özleriniň ugradýan ýükleriniň Siriýanyň içerki ýagdaýlaryna täsir etmeýän ýüklerdigini aýdyp gelýärler” diýip, belledi.

Moskwanyň ilkinji reaksiýasy

ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň metbugat sekretary Wiktoriýa Nuland Hillari Klintonyň sözleriniň Orsýetden Siriýa ugradylan harby wertolýotlara degişlidigini mälim etdi. Emma ol hanym Klintonyň tutaryk edinýän maglumatlarynyň çeşmesi barada anyk maglumat bermekden ýüz öwürdi.

Bu wakanyň yzýany Orsýetiň daşary işleri ministri Sergeý Lawrowyň Eýranyň paýtagty Tähranda eden çykyşy Orsýet tarapynyň Klintonyň sözlerine bildiren ilkinji reaksiýasy hökmünde alamatlandy.

Mundan ozal Wladimir Putin hem Orsýetiň Siriýanyň içerki raýat konfliktlerinde ulanyp bolaýjak nähilidir bir ýaraglary ugratmaýandygyny öňe sürüpdi.

Bu wakalaryň fonunda bolsa, çarşenbe güni BMG-niň parahatçylygy goraýjy toparynyň başlygy Herw Ladsous Siriýanyň häzirki wagt graždanlyk urşy ýagdaýyna girendigini aýdyp, çykyş etdi.

Indi nämä garaşylýar?

Herw Ladsous bu barada eden çykyşynda soňky günler Siriýadaky zorluklaryň we çaknyşyklaryň derejesiniň has güýçlenendigine salgylanyp, ýurtdaky konfliktleriň tebigatynyň bütinleý üýtgändigini nygtady.

Munuň özi BMG-niň wekiliniň resmi ýagdaýda Siriýada graždanlyk urşunyň barýandygyny tassyklamasy hökmünde alamatlandy.

Çarşenbe güni Fransiýanyň daşary işler ministri Laurent Fabius BMG-niň öňe sürýän parahatçylyk planlaryna Siriýany borçlandyrmak üçin BMG-niň Düzgünnamasynyň 7-nji babyny güýje girizmelidigini öňe sürdi.

Ol şu babatda Fransiýanyň BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşine ýüzlenmekligi planlaşdyrýandygyny aýtdy. BMG-niň Düzgunnamasynyň 7-nji baby belli bir şertlerde anyk bir ýurda ýa-da toparlara garşy harby güýç ulanylmagyna mümkinçilik berýär.

Ýöne käbir synçylar BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň hemişelik agzalary bolan Orsýet bilen Hytaýyň beýle plany goldamajakdygyny aýdýarlar.
XS
SM
MD
LG