Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

UEFA Orsýetiň Futbol Birleşigine 150 müň dollar jerime saldy


Ýewropanyň Futbol Geňeşi orsýetli futbol janköýerleriniň Polşadaky Ýewropa çempionatynyň barşynda bidüzgünçilikleri döredendikleri üçin, Orsýetiň Futbol Birleşigine jerime saldy.

Hususan-da, UEFA guramasy häzirlikçe Orsýetiň Futbol Birleşigine 150 müň dollar jerimi saldy we şeýle wakalaryň gaýtalanan halatynda indiki Ýewropa çempionatynyň barşynda Orsýetiň futbol komandasynyň 6 balyny kemeltmeginiň mümkindigini aýdyp, duýduryş berdi.

UEFA guramasynyň şeýle jerime salmagyna orsýetli futbol janköýerleriniň sişenbe günki ýaryşda Çehiýanyň garaýagyz oýunçysyny kemsidiji jynsparaz şygarlary gygyryşmaklary, şeýle hem stadiona ot zyňmaklary we stadionyň zalyndaky ofisiantlary ýençmekleri ýaly wakalar sebäp boldy.
XS
SM
MD
LG