Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Berdimuhamedow Türkiýäniň parlament başlygy bilen duşuşdy


Çarşenbe güni prezident G.Berdimuhamedow Aşgabada sapara baran Türkiýäniň parlamentiniň başlygy Jemil Çiçek bilen gepleşik geçirdi.

Bu gepleşikde taraplar Türkmenistan bilen Türkiýäniň özara hyzmatdaşlyklaryny ösdürmekligin käbir perspektiwalary barada pikir alyşdylar.

Şol gün prezident G.Berdimuhamedow Türkiýäniň palatalar we biržalar Geňeşiniň başlygy Rifat Hysarjyklyogly bilen-de duşuşdy.

Çarşenbe güni Türkiýäniň parlamentiniň başlygy Jemil Çiçegiň ýolbaşçylygyndaky wekilçilikli türk delegasiýasy Türkmenistanyň Mejlisinde we Daşary işler ministrliginde-de duşuşyklar geçirdi.
XS
SM
MD
LG