Sepleriň elýeterliligi

Türkmen-özbek serhediniň hyllallasy kän


Özbek raýatlary türkmen serhedinden geçirilenok, 6-njy iýun.

Özbek raýatlary türkmen serhedinden geçirilenok, 6-njy iýun.

Türkmenistanyň we Özbegistanyň metbugaty soňky ýyllarda iki ýurduň özara gatnaşyklarynyň örän ösendigini, serhet ýakasynda ýaşaýan ilatyň üç günläp wizasyz birek-birege myhmançylyga baryp bilýändigini habar berýär. Emma Türkmenistanyň we Özbegistanyň käbir raýatlary Azatlyk Radiosyna beren interwýularynda türkmen-özbek serhedinden geçmekde kemçilikleriň dowam edýändigini aýdýarlar.

Her gezek Türkmenistanyň we Özbegistanyň liderleri duşuşanlarynda, iki ýurduň metbugaty türkmen-özbek dost-doganlygynyň ösýändigi, serhetlerde haýsydyr bir problemanyň ýokdugy barada ýazýar. Geçen ýyl Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow hem goňşy ýurtlar bilen serhetleriň dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk serhedi bolmalydygyny aýdypdy.

Emma Türkmenistanyň we Özbegistanyň serhet ýakasynda ýaşaýan käbir raýatlaryň berýän maglumatlary serhet geçelgelerindäki ýagdaýyň resmi çeşmeler tarapyndan beýan edilişinden tapawutlydygyny görkezýär. 6-njy iýunda Özbegistanyň 150-a golaý raýatynyň Türkmenistana geçmekde kynçylyk çekip durandyklary habar berildi. Şol bir wagtyň özünde Türkmenistanyň käbir raýatlary hem türkmen-özbek serhedinden geçmekde problemalaryň bardygyny aýdýarlar.




Türkmenistanyň we Özbegistanyň özara ylalaşygy boýunça, serhet ýakalarynda ýaşaýan raýatlar birek-biregiňkä wizasyz üç günlük myhmançylyga baryp bilýärler.

“Özbegistanyň we Türkmenistanyň hökümetleri öz raýatlarynyň serhetden hiç bir kynçylyksyz geçmegi barada birnäçe ylalaşyga gol goýdular” diýip, Özbegistanyň adam hukuklaryny goraýjylarynyň garaşsyz inisiatiwa toparynyň başlygy Surat Ikramow aýdýar. “Gynansak-da, býuorokratiýa ýa-da ýerli häkimiýetleriň işlerine gözegçiligiň bolmazlygy raýatlaryň serhetden arkaýyn geçmegine ýol bermeýär. Bu bolsa, olaryň serhetde birnäçe sagatlap garaşmagyna we beýleki problemalar bilen ýüzbe-ýüz bolmagyna getirýär”.

Emma Ikramow serhetde problemalaryň ýüze çykmagyna iň esasy sebäbiň parahorlukdygyna ynanýar: “Çünki parahorluk haçanda işe jogäpkärçilik we degişli ýolbaşçylaryň işlere gözegçiligi bolmasa ýüze çykýar. Şeýle ýagdaýda ilatdan dürli ýollar bilen para alynýar. Hut şeýle bikanunçylyk arkaly serhetçiler, gümrükçiler maşgalasyny ekleýärler. Bu ýagdaýlardan iki ýurduň prokurorlary hem habarly. Ýogsam bolmasa, hut şolar kanuny berjaý etmeli”.

Ikramowyň pikiriçe, raýatlaryň iki ýurduň serhedinden geçmeginde ýüze çykýan problemalaryň öňüni almak üçin Özbegistanyň hem Türkmenistanyň howpsuzlyk gulluklary ýörite plany işläp taýýarlamaly we zerur işleri haýal etmän durmuşa geçirmeli.

Türkmenistanyň Özbegistan bilen 1621 kilometr uzynlykdaky serhedi bar. Özbegistan Türkmenistanyň Lebap we Daşoguz welaýatlary bilen serhetleşýär.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG