Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ekspert: Türkmenistanda batan türk kompaniýasy ýok


Aşgabat, 2010-njy ýyl.
Aşgabat, 2010-njy ýyl.
Çarşenbe güni Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýäniň Palatalar we biržalar bileleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyogluny kabul etdi. Hisarjyklyogly türk hökümetiniň Türkmenistan bilen özara gatnaşyklaryny ösdürmegine uly gyzyklanma bildirýändigini aýtdy diýip, resmi metbugatda habar berilýär.

Mundan öňki ýyllarda Türkiýäniň käbir şirketleri Türkmenistanda eden işleri üçin haklaryny alyp bilmeýändiklerini öňe sürüp, türkmen hökümetini halkara arbitraž suduna beripdiler. Azatlyk Radiosyndan Merdan Saryýew bu saparlar bilen dawalaryň arasyndaky sebäpler boýunça Ankaranyň Gazy uniwersitetiniň professory, Merkezi Aziýa boýunça bilermen Mehmet Seýfuddin Erol bilen söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Bilşimize görä, Türkiýäniň käbir şirketleri bilen türkmen hökümetiniň arasynda dawa bar. Bu öňräkden bäri dowam edip gelýär. Şu aralykda Türkiýäniň ýokary derejeli ykdysady resmileri Aşgabada sapar edýär. Siz bu barada nämeler aýdyp bilersiňiz?

Mehmet Seýfuddin Erol
Mehmet Seýfuddin Erol
Mehmet Seýfuddin Erol: Bu ýerde ilki bilen bir zady hökman nygtap geçmeli, ýagny Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistan-Türkiýe özara gatnaşyklarynyň strategiki derejede alnyp barylýandygyny aýtdy. Häzir Türkmenistan-Türkiýe gatnaşyklarynyň uly perspektiwalarynyň bardygyny aýtmak bolar.

Ýöne, hawa, iki ýurduň gatnaşyklarynda wagtal-wagtal düşünişmezlikler bolýar. Mysal üçin, siziň hem aýdyşyňyz ýaly, geçen ýyl käbir türk biznesmenleriniň türkmen hökümeti bilen arada käbir düşünişmezlikleri ýüze çykdy. Aslynda şeýleräk ýagdaýlar diňe bir Türkmenistanda däl, regionyň beýleki döwletlerinde hem ýüze çykýar.

Ýöne, umuman alnanda, iki ýurduň özara bähbitli ykdysady gatnaşyklary birinji orunda durýar. Jenap Hisarjyklyoglunyň hem Türkmenistana sapar edip, muny has-da aýdyňlaşdyrmagy maksat edinýän bolmagy mümkin. Meniň pikirimçe, bar bolan düşünişmezlikleri özara dawalaşman çözmek boýunça gepleşikleriň geçirilmegi ähtimal.

Azatlyk Radiosy: Siz “düşünişmezlikler” diýýäňiz, ýöne bir tarapdan, türk firmalary “biz pullarymyzy alyp bilemzok” diýýän bolsa, beýleki bir tarapdan, türkmen resmileri, has dogrusy prezidentiň özi, türk şirketlerine pullaryň tölenendigini aýdýar. Siziň pikiriňizçe, taraplaryň haýsysynyňky dogry?

Mehmet Seýfuddin Erol: Dogry zady dogry aýtmaly. Men Türkmenistanda uzak ýyllar ýaşadym. Türkmenistanda iş alyp barýan islendik daşary ýurtly firma, esasan hem türk şirketleriniň ählisi pul-girdeji gazanýar. Şeýlelikde, Türkmenistandaky daşary ýurt firmalarynyň köpüsi diýseň ulaldy we baýady. Eger-de türkmen hökümetiniň bir ýaman päli bolan bolsady, ol muňa başdan ýol bermezdi.

Häzir dünýä derejesinde iş alyp barýan türk firmalary, mysal üçin, “Çalyk” kompaniýasy özleriniň esas binýadyny Türkmenistanda gurdular. Biz bulary görüp durus ahyryn. Firmalaryň özleri-de muny inkär edip baranok. Şeýlelikde Türkmenistanda ähli mal-mülkünden mahrum boldy diýilýän türk firmasy ýok diýip çaklaýaryn.

Beýleki bir tarapdan, Türkmenistan geçiş döwründe bolan wagty, käbir firmalar, bärde diňe bir türk firmalary däl, beýleki şirketler hem aradaky boşluklardan peýdalanyp, hyýanat edýärler. Wagtyň geçmegi bilen hem edilen oýunlar aýan bolýar. Mundan soň, türkmen hökümeti hem ara goşulýar. Bular ýaly çäreleriň görülmegi ýa-da şeýleräk kararlaryň kabul edilmegi, islendik döwlet bolsa bolsun, adaty bir zatdyr.

Häzir Türkmenistanda hiç hili kynçylyklara duçar bolman uzak wagtdan bäri iş alyp barýan köp sanly türk firmalary-da bar ahyryn. Berdimuhamedowyň türk firmalaryna garşy gyýa göz bilen garaýar diýilmegi ýalňyş bolarmyka diýýän. Meniň pikirimçe, bu Türkmenistanda iş alyp baran mahaly şirketleriň eden işleriniň kanunylygy ýa-da kanuny däldigi bilen bagly bolmaly. Eger-de türk firmalaryna oňaýsyz garalýan bolsady, onda olaryň ählisi Türkmenistandan çykardy. Bilşimize görä, häzir Türkmenistanda ençeme türk firmalary gymmat bahaly iri proýektleri amala aşyrýar.

Netijede Hisarjyklyoglunyň Türkmenistana sapary hem bar bolan meseleleriň oňaýly çözülmegine uly ýardam bolar diýip pikir edýärin.
XS
SM
MD
LG