Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Lans Armstronga doping meselesi boýunça aýyplama bildirilýär


Welosiped sürmek boýunça “Tour de France” halkara ýaryşynyň ýedi gezek çempiony, amerikaly Lans Armstronga kanun taýdan gadagan doping maddasyny ulananlykda aýyplama bildirilýär.

Çarşenbe güni Birleşen Ştatlaryň dopinge garşy göreş boýunça ýörite agentligi Lans Armstronga garşy resmi ýagdaýda aýyplama bildirilýändigini mälim etdi.

ABŞ-nyň bu agentligi 2009-njy we 2010-njy ýyllarda Lans Armstrongyň ganynda geçirilen barlaglarda onuň ganynda özgerişlikleriň amala aşyrylandygynyň, şol sanda, eritropoetiň we gany täzelemek ýaly prosesleriň geçirilendiginiň ýüze çykarylandygyny aýdýar.

Häzirki barlaglaryň barşynda Lans Armstronga resmi ýaryşlara gatnaşmaklyk gadagan edildi. Sportsmeniň özi bu bildirilýän aýyplamalary ret edýär.

Doping bilen bagly bildirilýän bu aýyplamalar doly tassyklanan halatynda, oňa özüniň çempionlyk titullaryndan we goýan rekordlaryndan mahrum bolmak howpy abanýar.
XS
SM
MD
LG