Sepleriň elýeterliligi

BMG-niň Braziliýadaky maslahatyna 50 müň delegat gatnaşýar


Penşenbe güni Braziliýanyň Rio-de-Janeýro şäherinde Birleşen Milletler Guramasynyň daşky tebigaty goramak we ykdysady abadançylyk meselesine bagyşlanan konferensiýasy açyldy.

“Rio+20” ady bilen geçirilýän bu konferensiýa BMG-niň iň bir uly gerimli konferensiýalaryndan biri hasaplanylýar.

Oňa dünýäniň onlarça ýurdundan 50 müň töweregi delegatyň, şol sanda, tebigaty goraýjy aktiwistleriň, ýokary derejeli hökümet resmileriniň we biznes ýolbaşçylarynyň-da gatnaşjakdygy habar berilýär.

Munuň özi tebigaty goramak meselesine bagyşlanyp 1992-nji ýylda Rio-de-Janeýroda geçirilen ozalky sammitiň özboluşly bir dowamy hasaplanylýar. Bu konferensiýa 22-nji iýuna çenli dowam eder.
XS
SM
MD
LG