Sepleriň elýeterliligi

Täjik prezidentiniň giýewisi Duşenbede atylyp öldürildi


Täjigistanyň polisiýasy ýurduň prezidenti Emomali Rahmonyň giýewisi Holmumin Safarowyň atylyp öldürilendigini mälim etdi.

Polisiýanyň maglumatyna görä, 57 ýaşly Holmumin Safarowy ýurduň paýtagty Duşenbe şäherinde çarşenbe güni näbelli adamlar atyp öldüripdirler. Onuň çarşenbe güni agşamlyk metjitden çykyp, öýüne dolanyp gelýän wagty kellesine atylyp öldürilendigi aýdylýar.

Prezident Emomali Rahmonyň uly aýal doganynyň adamsy Holmumin Safarow soňky wagtlar hökümetiň tokaýlar we awçylyk boýunça agentliginiň başlygy wezipesinde işläp gelýärdi.

Onuň janyna kast edilmeginiň kim tarapyndan gurnalyp bilinjekdigi barada häzirlikçe anyk bir çaklama öňe sürülmeýär.
XS
SM
MD
LG