Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Müsüriň sudy parlamenti dargatmaklygy karar etdi


Müsüriň howpsuzlyk güýçleri Ýokary Konstitusion suduň binasyny protestçilerden goraýar. Kair, 14-nji iýun, 2012.
Müsüriň howpsuzlyk güýçleri Ýokary Konstitusion suduň binasyny protestçilerden goraýar. Kair, 14-nji iýun, 2012.
Penşenbe güni Müsüriň döwlet mediasy ýurduň Ýokary Konstitusion sudunyň parlamentdäki orunlaryň üçden bir böleginiň bikanunlygyna salgynlanmak bilen, parlamenti dargatmak barada karar çykarandygyny habar berdi.

Müsüriň MENA habar agentligi Ýokary Konstitusion suduň “parlament saýlawlary konstitusiýa laýyk bolmady we saýlawlardan soň parlament hem bikanun häsiýete eýe boldy” diýip, netije çykarandygyny habar berýär.

Müsüriň “Musulman Doganlygy” atly yslamçy partiýasynyň agzalary şu günki güne çenli parlamentdäki ähli orunlaryň tas ýarsyna golaýyny eýeleýärdiler.

Müsüriň döwlet telewideniýesiniň maglumatyna görä, suduň bu soňky kararynyň netijelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin ýurduň dolandyryjy harby geňeşi gyssagly maslahata ýygnanypdyr.

Penşenbe güni sud Müsüriň ozalky diktator lideri Hosni Mubäregiň ýolbaşçylygynda iň soňky premýer-ministr bolup işlän Ahmed Şafigiň şu geljek dynç alyş günleri prezidentlik saýlawlaryna dalaşgär hökmünde gatnaşyp biljekdigi barada-da karar çykardy.

Ahmed Şafik hoşal

Hepdäniň şenbe we ýekşenbe günleri geçiriljek bu ikilenji tapgyr prezidentlik saýlawlarynda Ahmed Şafik “Musulman Doganlygy” partiýasyndan kandidat Mohammed Mürsi bilen bäsleşer.

Bu soňky wakalaryň öňýany yslamçylaryň agdyklyk edýän parlamenti Hosni Mubäregiň režiminde ýokary hökümet wezipelerinde işlän adamlaryň saýlawlara gatnaşmaklaryny gadagan ediji täze bir kanun kabul edipdi. Emma penşenbe güni Müsüriň Ýokary Konstitusion sudy parlamentiň bu kanunynyň güýjüni-de ýatyrdy.

Prezidentlige kandidat Ahmed Şafik suduň çykaran bu soňky kararlaryna hoşallyk bilen reaksiýa bildirdi.

Ol: “Birek-birekden syýasy ar almak döwri indi tamamlandy. Kanuny hususylaşdyrmagyň we milli kanunçylygy belli bir toparyň öz bähbidi üçin beýleki bir adama ýa-da topara garşy ulanmagyň döwri geçdi” diýip nygtady.

Nägilelikler hem güýjeýär

Emma parlamentde agdyklyk edýän “Musulman Doganlygy” partiýasynyň wekilleriniň reaksiýasy başgaça boldy. Bu partiýanyň tanymal syýasatçylaryndan biri Essam al-Arian häzirki parlamentiň dargydylan halatynda, ýurduň “garaňky bir gowaga girjekdigini” aýtdy.

Prezidentlik saýlawlarynyň birinji tapgyryna dalaşgär hökmünde gatnaşan aram yslamçy Abdel Moneýim Abol Fotouh hem suduň çykaran bu täze kararyny “doly häkimiýet agdarylyşygy” diýip atlandyrdy.

Habar agentlikleri Müsüriň Ýokary Konstitusion sudunyň çykaran bu kararlarynyň yzýany ýüzlerçe protestçiniň suduň binasynyň öňüne ýygnanyp, binanyň daşyndaky howpsuzlyk güýçlerine garşy daş zyňyp, öz gahar-gazaplaryny mälim edendiklerini habar berdiler.
XS
SM
MD
LG