Sepleriň elýeterliligi

Müsür: suduň kararyna “Musulman Doganlygy” ýiti reaksiýa bildirdi


Müsüriň Ýokary Konstitusion sudunyň penşenbe güni parlamenti dargatmak barada çykaran kararyna parlamentde agdyklyk edýän “Musulman Doganlygy” partiýasy ýiti reaksiýa bildirdi.

“Musulman Doganlygy” partiýasy Müsüriň indi “howply günler” bilen ýüzbe-ýüz durandygyny duýdurdy.

Parlamenti dargatmak barada höküm çykaran suduň sudýalary öz döwründe Müsüriň ozalky diktatory Hosni Mubärek tarapyndan bellenilen sudýalar.

Bu Ýokary Konstitusion sud penşenbe güni Hosni Mubäregiň döwründe premýer-ministr bolup işlän Ahmed Şafigiň şu geljek dynç alyş günleri geçiriljek ikilenji tapgyr prezidentlik saýlawlaryna-da dalaşgär hökmünde gatnaşyp biljekdigi barada karar çykardy.
XS
SM
MD
LG