Sepleriň elýeterliligi

Belarusyň hökümeti ABŞ-nyň Belaurs baradaky pozisiýasyny ýazgardy


Anna güni Belarusyň hökümeti Birleşen Ştatlaryň Belarusa garşy sanksiýalarynyň möhletini uzaltmak baradaky kararyny ýazgardy.

Bu wakanyň öňýany ABŞ-nyň prezidenti Barak Obamanyň gol çeken deklarasiýasynda Belarusyň käbir resmileriniň hereketleriniň “Birleşen Ştatlaryň milli howpsuzlygyna we daşary syýasatyna adaty bolmadyk we çakdanaşa uly howp abandyrmagyny dowam etdirýär” diýlip bellenipdir.

Deklarasiýanyň bu kesgitlemesi bolsa, Belarusyň resmilerine we kompaniýalaryna garşy sanksiýalaryň dowam etdirilmegine mümkinçilik berýär.

Belarusyň daşary işler ministri Andreý Sawinyh anna güni žurnalistleriň öňünde eden çykyşynda muny “Waşingtonyň Belarusa bolan steorotip gatnaşygy” diýip atlandyrdy we muny tankyt etdi.
XS
SM
MD
LG