Sepleriň elýeterliligi

Hukuk goraýjy Komitet özbek aktiwisti barada alada bildirdi


Anna güni düýbi Nýu-Ýorkda ýerleşýän žurnalistleriň hukugyny goraýjy Komitet Gyrgyzystanyň türmesinde saklanýan özbek aktiwisti Azimjan Askarowyň azatlyga goýberilmegine çagyryş edip, beýanaýat ýaýratdy.

Žurnalistleriň hukugyny goraýjy Komitet Azimjan Askarowa bildirilýän aýyplamalaryň esassyzdygyny öňe sürýär.

Ynsan hukuklaryny goraýjy “Wozduh” atly toparyň başlygy, gyrgyzystanly özbek aktiwisti Azimjan Askarow 2010-njy ýylyň tomsunda Oş şäherindäki etniki çaknyşyklary öjükdirmekde we bir polisiýa işgärini öldürmäge gatnaşanlykda aýyplanyp, tussag edilipdi.

Şol ýylyň sentýabrynda-da Gyrgyzystanyň sudy ony ömürlik türme tussaglygyna höküm edipdi.
XS
SM
MD
LG