Sepleriň elýeterliligi

Aragatnaşygy gowulandyrmagyň ýollary gözlenýär


Muhitdinow: "2015-nji ýyla çenli ähli ýurtlaryň telewideniýeleri analog görnüşden tutuşlygyna sifrli görnüşe geçirilmeli".

Muhitdinow: "2015-nji ýyla çenli ähli ýurtlaryň telewideniýeleri analog görnüşden tutuşlygyna sifrli görnüşe geçirilmeli".

Golaýda Aşgabatda Aragatnaşyk boýunça regional arkalaşygyň Ýolbaşçylar geňeşiniň 46-njy maslahaty geçirildi. 12-13-nji iýunda geçirilen bu maslahata GDA döwletleriniň, şeýle-de Bolgariýanyň, Sloweniýanyň we Baltika döwletleriniň resmi toparlary gatnaşdylar.

Azatlyk Radiosyndan Gözel Hudaýberdiýewa bu çäräniň maksady we regional hyzmatdaşlygyň aýratynlyklary barada Aragatnaşyk boýunça regional arkalaşygyň ýerine ýetiriji komitetiniň başlygy Nurudin Muhitdinow bilen söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Aşgabatdaky duşuşygyň guramaňyzyň 46-njy maslahaty bolanlygy habar berildi. Guramaňyzyň maksady we alyp barýan işleri barada gürrüň berseňiz?

Nurudin Muhitdinow: Aşgabatdaky duşuşyga Aragatnaşyk boýunça regional guramamyzyň iň ýokary organy bolan Ýolbaşçylar geňeşiginiň agzalary, has düşnükli edip aýtsak, ýurtlaryň Aragatnaşyk ministrlikleriniň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Guramamyzyň 18 agzasy bar, ýagny GDA ýurtlary, Baltika döwletleri, şeýle-de Bolgariýa we Sloweniýa.

Döwrüň mümkinçiliklerinden doly derejede peýdalanmak üçin has ýygy-ýygydan duşuşmak zerur.
Bu maslahaty geçirmek kararyna geçen sapar Ukrainadaky duşuşykda Türkmenistanyň teklibi boýunça gelnipdi. Indiki maslahat Azerbaýjanda geçiriler. Maslahatlar ýylda iki gezek geçirilýär. Şu günki gün informasiýa we aragatnaşyk tehnologiýalarynyň örän çalt özgerýänligi sebäpli, döwrüň mümkinçiliklerinden doly derejede peýdalanmak üçin has ýygy-ýygydan duşuşmak zerur.

Azatlyk Radiosy: Şeýle duşuşyklarda näme maslahat edilýär we olar nähili netije berýär?

Nurudin Muhitdinow: Duşuşyklaryň ählisinde halkara hyzmatdaşlygy koordinirlemek, regional problemalary çözmek we bar bolan tehniki resurslardan has amatly peýdalanmak ýaly meselelere garalýar. Has takyk aýtsak, informasiýa we aragatnaşyk hyzmatlarynyň hilini gowulandyrmagyň, şol sanda mobil we poçta hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmagyň ýollary gözlenýär. Esasy maksadymyz ýurtlaryň ilatynyň informasion aragatnaşyk tehnologiýalarynyň, elektron we poçta aragatnaşyk tehnologiýalarynyň berýän mümkinçiliklerinden has köp we has netijeli peýdalanmagyny gazanmakdan ybarat.

Azatlyk Radiosy: Aşgabatdaky duşuşykda haýsy-da bolsa bir takyk netijlere gelindimi?

2015-nji ýyla çenli ähli ýurtlaryň telewideniýeleri analog görnüşden tutuşlygyna sifrli görnüşe geçirilmeli.
Nurudin Muhitdinow: Maslahatda biz, şu ýylyň fewral aýynda Ženewada radio boýunça geçirilen bütindünýä konferensiýanyň netijelerini maslahatlaşdyk. Şeýle-de her bir ýurt öz telewideniýesini sifrli görnüşe geçirmek üçin görýän taýýarlyklary barada hasabat berdi. Mälim bolşuna görä, 2006-njy ýylda Radioaragatnaşyk boýunça halkara konferensiýada gelnen karara görä, 2015-nji ýyla çenli ähli ýurtlaryň telewideniýeleri analog görnüşden tutuşlygyna sifrli görnüşe geçirilmeli.

Azatlyk Radiosy: Guramaňyza agza döwletleriň aragatnaşyk pudaklaryndaky takyk problemalar regional derejede maslahat edilýärmi, gurama şol ýurtlarda bar bolan problemalary çözmek işine gatnaşýarmy?

Nurudin Muhitdinow: Elbetde, biz şeýle meseleleri maslahat edýäris. Meselem, häzir biz ýurtlarymyzda rouming hyzmatynyň hilini gowulandyrmak, onuň bahasyny arzanlatmak ugrunda iş alyp barýarys. Aşgabatdaky duşuşykda Aragatnaşyk bounça regional arkalaşyga girýän döwletlerde operatorlaryň mobil hyzmtlary boýunça hasaplaşygynyň prinsiplerini kesgitleýji deklarasiýa kabul edildi. Kabul edilen bu deklarasiýa ýurtlaryň mobil aragatnaşyk pudaklary üçin ugur görkeziji dokument bolar. Ol, hususan-da, roumingiň bahasynyň arzanladylmagyny göz öňünde tutýar.

Azatlyk Radiosy: Türkmenistanyň ýaşaýjylary köplenç mobil aragatnaşygynyň hilinden şikaýat edýärler. Aşgabatdaky duşuşykda türkmen tarapy ýurtda bar bolan problemalary gozgadymy?

Maslahatda Orsýetiň MTS kompaniýasynyň Türkmenistanda ýene-de işläp başlajagy habar berildi.
Nurudin Muhitdinow: Türkmenistan guramanyň doly hukukly agzasy. Elbetde, biz orta atylýan ähli meseleleri maslahat edýäris we her bir ýurduň aragatnaşyk pudagyna degişli meselelere garaýarys. Aşgabatdaky duşuşykda Türkmenistanyň aragatnaşyk ministriniň orunbasary ýurtda informasion tehnologiýalaryň ösýänligi barada hasabat berdi. Hasabatda aýdylan zatlar bizi kanagatlandyrdy. Türkmenistanda aragatnaşyk pudagynyň özgermegine, kämilleşmegine we täze operatorlaryň döräp başlamagyna mümkinçilikler bar diýip pikir edýärin.

Maslahatda Orsýetiň MTS kompaniýasynyň Türkmenistanda ýene-de işläp başlajagy habar berildi. Aýdylyşyna görä, kompaniýa ýurtda işlemek üçin rugsady we lisenziýany almak üçin ähli şertleri ýerine ýetiripdir.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG