Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ Müsüriň demokratik ýoldan gitmegine garaşýar


Ýekşenbe güni geçiriljek saýlawlarda Şafige bäsdeş boljak “Musulman doganlygy” hereketiniň dalaşgäri Muhammet Morsi Juma namazyndan soň köpçüligiň öňüne çykdy, Kair, 15-nji iýun.
Ýekşenbe güni geçiriljek saýlawlarda Şafige bäsdeş boljak “Musulman doganlygy” hereketiniň dalaşgäri Muhammet Morsi Juma namazyndan soň köpçüligiň öňüne çykdy, Kair, 15-nji iýun.
Hepdäniň ýekşenbe güni Müsürde prezidentlik saýlawlarynyň ikinji tapgyry geçiriler. Ýurtda häkmiýetler tarapyndan syýasy kararlar kabul edilip, protest çykyşlary dowam etdirilýärkä, Amerikanyň Birleşen Ştatlary Müsüriň demokratiýanyň ýolundan gitjegine garaşýanlygyny aýdýar.

ABŞ-nyň Döwlet sekretary Hillary Klintonyň sözlerine görä, Waşington Müsüriň wagtlaýyn harby häkimiýetleriniň ýurtda demokratiýa tarap geçişi amala aşyrmagyna garaşýar. Waşingtonda eden çykyşynda Klinton “Müsüriň halkynyň talap edýän demokratik geçişinde hiç hili yza gaýdyşlygyň” bolup bilmejegini belledi.

Klintonyň sözlerine görä, ABŞ Müsüriň Ýaragly güýçleriniň Ýokary geňeşiniň halkyň öňünde öz üstüne alan borçlaryna laýyklykda, häkimiýetiň demokratik ýol bilen saýlanan graždan hökümetine doly derejede tabşyrylmagyny görmek isleýär.

ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň bu beýanaty ýakynda Müsüriň baş sudy ýurduň yslamçylaryň köpçüligindäki täze saýlanan parlamentini dargatmak barada karar çykaransoň peýda boldy.

Suduň karary

Sud dalaşgärleriň üçden bir bölegi bikanun saýlandy diýen karara geldi we bu kararyny syýasy partiýalaryň agzalary bolan dalaşgärleriň garaşyz dalaşgärler üçin niýetlenen orunlary eýelänligi bilen delillendirdi.

Şeýle-de sud Hosni Mubaregiň döwründe hökümete baştutanlyk eden Ahmet Şafigiň bazar güni boljak prezidentlik saýlawlaryna dalagär hökmünde gatnaşmagyna rugsat berdi. Suduň bu karary Müsürde geçen aýda kabul edilen we Mubaregiň golastynda işlän ýokary derejeli resmilere döwlet wezipelerini eýelemegi gadagan edýän kanuny ret edýär.

Protestçiler Hosni Mubaregiň döwründe hökümete baştutanlyk eden Ahmet Şafigiň portretini ýakýarlar, Kair, 14-nji iýun.
Protestçiler Hosni Mubaregiň döwründe hökümete baştutanlyk eden Ahmet Şafigiň portretini ýakýarlar, Kair, 14-nji iýun.
Yslamçy syýasatçylar harbylaryň ýolbaşçylygyndaky we Mubarek döwründe işlän köp resmileri öz içine alýan häkimiýetleriň bu kararyny ýazgardylar.

Suduň karary yglan edilenson, birnäçe ýüz adam Tahrir meýdançasynda ýygnanyp, karary tankyt edip, öňki premýer-ministr Ahmet Şafige garşy protest aksiýasyny geçirdi.

Saýlawlaryň ikinji tapgyry

Ýekşenbe güni geçiriljek saýlawlarda Şafige bäsdeş boljak “Musulman doganlygy” hereketiniň dalaşgäri Muhammet Morsi suduň kararyndan nägiledigini mälim etdi, emma ony kabul edýänligini aýtdy.

“Musulman doganlar” hereketi geçen ýylyň noýabr aýy we şu ýylyň ýanwar aýy arasynda düzülen parlamentdäki orunlaryň çak bilen ýarpysyny eýeledi.

Hillary Klintonyň sözlerine görä, Waşington Müsürde bazar güni geçiriljek ikinji tapgyr saýlawlaryň “parahatçylykly we adalatly” ýagdaýda geçiriljegine ynam bildirýär.

Suduň karary yglan edilensoň, Ahmet Şafik köpçüligiň öňünde çykyş etdi. Habar serişdeleriniň köpüsi onuň öz ýeňşini baýram edenligini habar berdiler.

Hepdäniň çarşenbe güni Kairiň köçelerinden harby transport ulaglary geçirildi, aýdym-saz çalyndy, esgerler ýekşenbe güni geçiriljek saýlawlarda raýatlary ses bermäge ündeýän listowka-bildirişleri paýladylar.

Suduň kararynyň öňüsyrasynda harbylaryň ýolbaşçylygyndaky hökümet howpsuzlyk güýçleriniň ýurduň raýatlaryny dürli sebäplere görä, şol sanda köçe hereketine pägelçilik döredenligi we ykdysadyýet bilen bagly sebäplere görä tussag etmäge rugsat berýän karar çykardy.
XS
SM
MD
LG