Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Bosnýanyň sudy dört adamy etniki gyrgynçylykda aýyplady


Anna güni Bosnýanyň sudy Bosnýadaky ozalky serb güýçleriniň dört sany agzasyny 1995-nji ýylyň etniki gyrgynçylygy bilen baglanyşykly uzak möhletleýin türme tussaglygyna höküm etdi.

Bosnýanyň sudy bu dört raýaty 1995-nji ýylda 800 töwregi ýerli bosnýaly erkek adamy we ýaş oglany öldürmeklige gatnaşanlykda günäli tapdy. Sud olara ynsanýete garşy jenaýat edenlikde aýyplama bildirdi.

Tussaglyga höküm edilenlerden üçüsi serb milletinden we biri slowen milletinden. Bosnýanyň sudy olardan birini 43 ýyl, ikisini 40 ýyl we birini 19 ýyl türme tussaglygyna höküm etdi.
XS
SM
MD
LG