Sepleriň elýeterliligi

Gazagystanyň belli teatr režissýory Janaözen wakasynda aýyplanýar


Anna güni Gazagystanyň howpsuzlyk gullugy ýurduň belli teatr režissýory Bolat Atabaýewi Janaözen wakalaryna dahyllylykda aýyplap, tussag etdi.

Ýurduň howpsuzlyk gullugy oňa geçen ýylyň dekabrynda Janaözen şäherinde bolan wakalar bilen baglanyşykly “sosial ýigrenji öjükdirmekde” aýyplama bildirýär.

Janaözen şäherinde bolan şol protestlerde hökümet güýçleriniň ýarag ulanmaklary netijesinde azyndan 16 adam ölüpdi.

Şu ýylyň mart aýynda režissýor Bolat Atabaýew Janaözen wakalaryny gytaklaýyn ýagdaýda suratlandyrýan spektakly sahna çykarypdy.
XS
SM
MD
LG