Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýet: žurnalistler Bastrykiniň wezipeden çekilmegini isleýärler


Orsýetiň žurnalistleri ýurduň federal jenaýat-derňew komitetiniň başlygy Aleksandr Bastrykiniň “Nowaýa gazeta” atly gazetiň žurnalistini öldürjekdigi barada haýbat atandygy üçin, onuň wezipeden çekilmegini talap edýärler.

Penşenbe güni Aleksandr Bastrykin özüniň hakykatdanam “Nowaýa gazetanyň” redaktorynyň orunbasary Sergeý Sokolow bilen gürrüňdeşlikde emosiýa düşüp, şeýle haýbaty atandygyny boýun aldy we munuň üçin ötünç sorap çykyş etdi.

Onuň bu boýun almasyna ýurduň žurnalistleri we hukuk goraýjy toparlary has-da gahar-gazap bildirdiler. Orsýetiň hökümeti häzirlikçe bu çagyryşlara resmi reaksiýa bildirmedi.
XS
SM
MD
LG