Sepleriň elýeterliligi

Azerbaýjan: täze kanunyň gohy uly


Azerbaýjanyň prezidenti Ylham Alyýew Pragada metbugat konferensiýasynda žurnalistleriň soraglaryna jogap berýär. Praga, 5-nji aprel, 2012.

Azerbaýjanyň prezidenti Ylham Alyýew Pragada metbugat konferensiýasynda žurnalistleriň soraglaryna jogap berýär. Praga, 5-nji aprel, 2012.

Şu geçen hepde Azerbaýjanyň deputatlary prezident Ylham Alyýewe hem onuň maşgalasyna eldegrilmesizlik hukugyny berýän we söwda ylalaşyklary baradaky maglumatlaryň elýeterliligini çäklendirýän kanunlary tassykladylar. Emma graždan jemgyýetiniň aktwistleri bu çäreleriň diňe parahorlugy ösdürjekdigini aýdýarlar.

Azerbaýjanly aktiwistleriň aýtmaklaryna görä, şu geçen hepde parlamentiň tassyklan iki kanuny hökümetiň ýapyklygyny ösdürýär we prezident Alyýewiň maşgalasyny olaryň lomaý girdeji getirýän hem köp soraglary döredýän söwda ylalaşyklary barada golaýda ýaýradylan derňew maglumatlaryndan-da bu kanunyň goramagy mümkin.

Şeýle-de, parlamentiň deputatlarynyň kabul eden ýene-de bir kanunynyň prezidentlik döwründe Ylham Alyýewi we onuň aýalyny sud jogapkärçiligine çekmekden halas edýän hukugy bermegi mümkin.

Tarapdarlar we garşylar

Hökümete tarapdar deputat Alaskar Mamadliniň aýtmagyna görä, Azerbaýjandaky syýasy ýagdaýlar şeýle goraglary talap edipdir. Ýöne aktiwistler we žurnalistler täze kanunyň söwda ylalaşyklaryna we korrupsiýanyň döremek ähtimallyklaryna jemgyýetiň gözegçiligini juda çäklendirjekdiginden aladalanýarlar.

Kanuna girizilen goşmaçalary parlamentiň kanunçylyk we döwlet gurluşy baradaky komiteti teklip etdi. Bu komitetiň başlygy Ali Huseýinli tankytlary ret edip, täze kanunyň raýatlaryň maglumat almak düzgünini örän anyklaşdyrýandygyny aýdýar.

Ol: “Biziň kanuna girizen goşmaçalarymyz, käbir metbugat serişdeleriniň ýazyşy ýaly, maglumat almagy çäklendirmeýär. Tersine, ol maglumat almagy juda ýeňilleşdirýär, maglumat almak isleýänleriň däl-de, ony bermekden ýüz öwürýän edaralaryň şeýle hereketleriniň üstüni açýar” diýip belledi.

Nebite baý Azerbaýjanda parahorluk uly probelma. Düýbi Germaniýada ýerleşýän hökümete degişli bolmadyk “Transparency International” guramasynyň parahorluk baradaky soňky hasabatynda Azerbaýjan 183 döwletiň arasynda 143-nji orunda goýlupdyr.

“Transparency Azerbaýjan” guramasynyň ýerine ýetiriji başlygy Rana Safaraliýewanyň sözlerine görä, Azerbaýjanyň bu täze kanuny yza gaýdyşy aňladýar. Ol bu hakda öz pikirini şeýle mälim etdi: “Teklip edilen täze goşmaçalara görä, hasaba alnan edaralaryň eýesi, olaryň maliýe çeşmeleri, düýp kapitaly baradaky maglumatlar we şuňa meňzeş beýleki maglumatlar diňe hukuk goraýjy edaralara elýeterli bolar”.

Täze ädime näme sebäp boldy?

Raýat jemgyýetiniň aktiwistleriniň aýtmaklaryna görä, bu kanuna täze goşmaçalaryň girizilmegine prezident Alyýewiň maşgalasynyň biznes bähbitleri, aýratyn-da, onuň gyzlary Leýlanyň we Arzuwyň biznesi barada jikme-jik maglumat berýän žurnalistleriň derňew raportlary sebäp bolupdyr.

Soňky wagtlar Azatlyk Radiosynyň žurnalisti Hatyja Ysmaýylowa we käbir beýleki žurnalistler Azerbaýjandaky we käbir beýleki ýurtlardaky kompaniýalaryň maglumatlaryny ulanyp, Alyýewiň gyzlarynyň biznes pudagyndaky aragatnaşyklary, olaryň dag magdanlary we gurluşyk pudaklaryndaky lomaý girdejileri barada birgiden täze maglumatlary ýaýratdylar.

Azerbaýjanly aklawçy Erkin Kadyrlynyň sözlerine görä, žurnalist Ysmaýylowanyňky ýaly maglumatlaryň öňüne böwet bolmak üçin täze kanunyň zerurlygy ýok. Çünki bu maglumatlaryň köpüsi Panamadaky we salgytdan gutulmaga mümkinçilik berýän käbir beýleki ýurtlardaky kompaniýalaryň resmi dokumentlerine esaslanýar.

Guramaçylykly jenaýatçylyklar we korrupsiýa barada hasabat ýaýaradýan ýörite toparyň wekili Pol Kristian Radunyň pikiriçe, hökümet şeýle maglumatlaryň elýeterliligini çäklendirmegi karar etse, munuň uzagyndan zyýanly täsirleri bolup biler. Bu diňe bir parahorlugyň ösmegine getirmän, eýsem ilatyň arasynda täze dartgynlylygyň döremegine-de sebäp bolar.

Azerbaýjandaky raýat jemgyýetiniň agzalary kanuna täze goşmaçalaryň girizilmegine garşy çykylmagyna we prezident Alyýewiň täze kanuna gol goýmazlygyna çagyryş edýärler.
XS
SM
MD
LG