Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Türkmen ylmy: ösüş talaplary we mümkinçilikler


Türkmenistanyň Ylymlar Akademiýasynyň binasy. Aşgabat, awgust, 2009.

Türkmenistanyň Ylymlar Akademiýasynyň binasy. Aşgabat, awgust, 2009.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow 12-nji iýunda ýurduň Ylymlar Akademiýasyna baryp, türkmen ylmynyň ösüş talaplary barada giňişleýin söz sözledi. Şeýle-de, ol ylmy gözlegler üçin goşmaça 10 million amerikan dollaryny bermek baradaky karara gol çekdi.

Prezident Berdimuhamedowyň öz sözleri bilen aýdylsa, “ylym döwür bilen aýakdaş gitmeli we hemişe ösüşde bolmaly”.

Eýsem, Türkmenistanda ylmy pudagyň işini nähili gurnamaly? Bu meselede prezidentiň aýdýan zatlaryndan nähili netijeleri çykaryp bolar?

Azatlyk Radiosy şu we beýleki soraglary aşgabatly ýerli synçylar, publisist ýazyjy Amanmyrat Bugaýewe, “Deýwid Börk” adyndaky halkara baýragynyň eýesi, žurnalist Aşyrguly Baýryýewe we ozalky pedagog hem aspirant, graždan aktiwisti Nurberdi Nurmämmedowa berdi.

Şu temadan geçirilen "Tegelek Stol" gepleşigini diňlemek üçin, şu ýere basyň:

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG