Sepleriň elýeterliligi

Mýanmaryň oppozisiýa liderine Nobel baýragy gowşuryldy


Mýanmaryň belli oppozisiýa lideri Auň San Su Çi özüne 1991-nji ýylda berilmeli edilen Nobel baýragyny şenbe güni Norwegiýanyň Oslo şäherinde öz eli bilen kabul etdi.

Auň San Su Çi özüniň oppozision işleri üçin 24 ýyllap Mýanmaryň harby režimi tarapyndan ýurtdan çykarylman saklanypdy. Şol 24 ýylyň 15 ýylyny ol öý tussaglygynda geçirdi.

1991-nji ýylda Nobel Komiteti oňa parahatçylyk boýunça Nobel baýragyny bermekligi karar edipdi. Şenbe güni Osloda geçirilen dabarada Auň San Su Çi ýörite doklad bilen çykyş etdi.
XS
SM
MD
LG