Sepleriň elýeterliligi

Bagdatdaky dini zyýaratdaky partlamada azyndan 25 adam öldi


Şenbe güni Yragyň paýtagty Bagdatda şaýy zyýaratçylarynyň dini çäresi wagtynda amala aşyrylan partlamada azyndan 25 adam öldi.

Bu partlama Muhammet pygamberiň çowlugy Musa al-Hadymyň ölen gününe gabatlanyp geçirilýän zyýarat çäresi wagtynda amala aşyryldy. Bagdadyň polisiýasy partlamanyň maşyna ýerleşdirilen bomba arkaly amala aşyrylandygyny habar berýär.

Indi birnäçe gün bäri dowam edýän bu dini zyýaratyň başynda, geçen hepdäniň çarşenbe güni Yragyň dürli şäherlerinde amala aşyrylan partlamalarda 72 adam ölüpdi.

Partlamalaryň jogapkärçiligini häzirlikçe hiç bir topar öz üstüne almady.
XS
SM
MD
LG