Sepleriň elýeterliligi

BMG-niň wekili Siriýadaky gözegçiligiň togtadylýandygyny aýdýar


Şenbe güni BMG-niň Siriýadaky synçylar toparynyň başlygy general-maýor Robert Mud bu ýurtda zorluklaryň we çaknyşyklaryň güýçlenýändigi sebäpli, synçylar toparynyň Siriýadaky öz işini bes edýändigini mälim etdi.

Robert Mudyň bu barada ýaýradan beýanatynda Siriýadaky gandöküşiklikleriň BMG-niň synçylaryna-da howp abandyrýandygy we olaryň öz missiýalaryny berjaý etmekleriniň öňünde böwet döredýändigi aýdylýar.

Toparyň başlygy Robert Mud indi täze görkezmeler peýda bolýança, synçylaryň häzirlikçe Siriýanyň içinde hereket etmejekdiklerini mälim etdi.
XS
SM
MD
LG