Sepleriň elýeterliligi

Moskwadaky demonstrasiýada azyndan dört adam tussag edildi


Şenbe güni Moskwada, jenaýat-derňew komitetiniň binasynyň öňünde gurnalan demonstrasiýada polisiýa azyndan dört adamy tussag etdi.

Protestçiler özleriniň bu aksiýasyny “Jenaýat-derňew komitetini basyp al” diýip atlandyrdylar.

100 töweregi aktiwistiň gatnaşmagynda geçirilen bu demonstrasiýada protestçiler şu ýylyň 6-njy maýynda gurnalan demonstrasiýa bilen baglanyşykly tussag edilenleriň azatlyga goýberilmegini talap etdiler.
XS
SM
MD
LG