Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Müsürliler özlerine prezident saýlaýarlar


Müsürli hristian zenany Kairdäki ses beriş uçastoklaryndan birinde ses berýär. Kair, 16-njy iýun, 2012.
Müsürli hristian zenany Kairdäki ses beriş uçastoklaryndan birinde ses berýär. Kair, 16-njy iýun, 2012.
Şenbe we ýekşenbe günleri Müsürde prezidentlik saýlawlarynyň ikilenji tapgyry geçirilýär. Munuň özi 2011-nýi ýylyň fewralynda ýurduň ozalky diktator lideri Hosni Mubärek häkimiýetden çetleşdirilenden soň geçirilýän ilkinýi prezidentlik saýlawlarydyr.

Bu saýlawlarda “Musulman Doganlygy” partiýasyndan kandidat Mohammed Mürsi bilen ýurduň ozalky premýer-ministri Ahmed Şafik özara bäsleşýär.

Mohammed Mürsi ýurtda gurnalan geçen ýylky demonstrasiýalaryň maksatlaryny durmuşa geçirmek üçin ykdysady we syýasy reformalary amala aşyrmaklyga söz berdi. Hosni Mubäregiň döwründe premýer-ministr bolup işlän Ahmed Şafik bolsa özüniň esasy maksadynyň ýurdy ozalky durnuklylyk ýagdaýyna getirmekden ybaratdygyny aýdýar.

Müsürde onlarça ýyl dowam eden awtoritar režimiň birtaraplaýyn syýasaty we soňra-da bir ýyldan gowrak wagt bäri dowam edip gelýän syýasy dawalar netijesinde ýurduň ykdysadyýeti görnetin pese düşdi. Hut şoňa görä-de, müsürlileriň köpüsi ykdysadyýeti dikeltmekligi gaýragoýulmasyz mesele hasaplaýarlar.

Syýasy dartgynlylyk güýçlendi

Bu saýlawlaryň öňýany, geçen hepde Müsüriň Ýokary Konstitusion sudy geçenki parlament saýlawlarynyň kanuna laýyk geçmänligine salgylanyp, parlamentiň aşaky palatasyny dargatmak barada karar çykardy. Bu karara parlamentde agdyklyk edýän “Musulman Doganlygy” partiýasy uly nägilelik bilen reaksiýa bildirdi.

Ýurduň häkimiýetleri syýasy dartgynlylygyň artan häzirki şertlerinde geçirilýän prezidentlik saýlawlarynda howpsuzlygy üpjün etmek maksady bilen ýurduň ilatly punktlaryna 150 müň töweregi esgeri ýerleşdirdi.

Hosni Mubäregiň ýurdy dolandyran ýyllarynda gadagançylyk astynda bolan “Musulman Doganlygy” partiýasy ýurduň Ýokary Konstitusion sudunyň parlamenti dargatmak baradaky kararyny “ähli demokratik prosessine garşy gurnalan dildüwşük” diýip atlandyrdy.

Geçen ýylyň ahyrynda geçirilen parlament saýlawlarynda “Musulman Doganlygy” partiýasynyň wekilleri parlamentdäki orunlaryň tas ýarsyna golaýyna eýe bolupdylar.

Maý aýynda geçirilen prezidentlik saýlawlarynyň birinýi tapgyrynda bolsa bu partiýadan dalaşgär Muhammed Mürsi saýlawçylaryň sesleriniň 25 prosentine golaýyna, Ahmed Şafik hem sesleriň 24 prosentine golaýyna eýe bolupdy.

Müsüriň häzirki wagtlaýyn harby hökümeti häzirki prezidentlik saýlawlarynyň netijesinde ýurduň resmi prezidenti saýlanandan soň, şu aýyň ahyryna çenli öz ygtyýarlyklaryny täze saýlanan prezidente tabşyrmaklyga söz berdi.
XS
SM
MD
LG