Sepleriň elýeterliligi

Nigeriýada hristian keliselerine garşy hüjüm amala aşyryldy


Ýekşenbe güni Nigeriýanyň demirgazygyndaky Kaduna prowinsiýasynda hristian keliseleriniň töwereginde azyndan üç sany partlama amala aşyryldy.

Bu partlamalardan ikisi bu prowinsiýanyň Zariýa şäherinde iki sany hristan kelisesi nyşana alnyp amala aşyryldy. Ýöne partlamalaryň jogapkärçiligini häzirlikçe hiç bir topar öz üstüne almady.

Mundan ozal Nigeriýanyň şu demirgazyk regionynda “Boko haram” atly yslamçy ekstremistik topar hristian keliselerine garşy birnäçe gezek hüjüm amala aşyrypdy.
XS
SM
MD
LG