Sepleriň elýeterliligi

Fransiýanyň parlamentdäki galan orunlara saýlawlar geçirilýär


Geçenki saýlawlarda Fransiýanyň parlamentdäki eýelenmedik orunlara ýekşenbe güni gaýtadan saýlawlar geçirilýär. Synçylar bu saýlawlarda prezident Fransua Ollandyň Sosialistler partiýasynyň parlamentde görnetin agdyklyk ediji orna eýe bolmagynyň mümkindigini aýdýarlar.

Saýlawlaryň öňýany geçirilen pikir soraýyşlyklar 577 orunlyk parlamentden Sosialistler partiýasynyň 287 orun bilen 330 ornuň aralygynda orun almaklarynyň mümkindigini görkezdi.

Şeýle hem, bu pikir soraýyşlyklar hanym Marin Le Penin ýolbaşçylygyndaky sagçylar partiýasynyň parlamentden bary-ýogy üç orna eýe bolmagynyň mümkindigini görkezýär.
XS
SM
MD
LG