Sepleriň elýeterliligi

Türkiýäniň türmesindäki ýangynda 13 sany tussag öldi


Şenbe güni giçlik Türkiýäniň günortasynda, Saluirfa prowinsiýasyndaky türmede ýüze çykan ýangynda 13 sany tussag ýangynyň pidasy boldy.

Bu ýangynyň türmedäki tussaglaryň bulagaýçylyk döreden wagty ýüze çykandygy aýdylýar. Ýangyny öçürmek üçin ýangyn söndürijilere bir ýarym sagat töweregi wagt gerek bolupdyr.

Bu gürrüňi edilýän türmede Kürt Parahatçylyk we Demokratiýa partiýasyndan ozalky parlament deputaty Ibrahim Aýhan hem tussaglykda saklanýar. Ýöne düýnki ýangynda onuň janyna howp abanmandygy habar berilýär.
XS
SM
MD
LG