Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

HOK bilet satuwlary bilen baglanyşykly derňewleri ýola goýdy


Ýekşenbe güni Halkara Olimpiada Komiteti Londonda geçiriljek tomusky olimpiýa oýunlary üçin niýetlenilen biletleriň gara bazarlarda satylmagy bilen baglanyşykly waka boýunça derňew işleriniň ýola goýlandygyny mälim etdi.

Londonda çap edilýän “The Sunday Times” gazetinde bu mesele barada çap bolan makalanyň yzy bilen, Halkara Olimpiada Komiteti ýekşenbe güni gyssagly maslahata ýygnandy.

Gazetiň bu baradaky maglumatynda dünýäniň birnäçe ýurdunda ýerli olimpiada komitetleriniň Londondaky olimpiada üçin niýetlenilen köpsanly biletleri gara bazarlar arkaly gymmat bahadan satuwa çykarandyklary öňe sürülýär.

Bu baradaky maglumatda käbir ýurtlarda bir biledin bahasynyň 10 müň dollara çenli ýetýändigi aýdylýar.
XS
SM
MD
LG