Sepleriň elýeterliligi

Türkmenbaşy şäherinde hindi filmleriniň festiwaly açyldy


Şenbe güni Türkmenistanyň Türkmenbaşy şäherinde hindi filmleriniň festiwaly açyldy. Bu festiwal Türkmenistanyň medeniýet ministrligi we Hindistanyň Türkmenistandaky ilçihanasy tarapyndan gurnaldy.

Hindi filmleriniň festiwalynyň açylyş dabarasyna Türkmenistanyň hökümet resmileri, medeniýet we sungat işgärleri hem-de habar serişdeleriniň wekilleri bilen birlikde, Hindistanyň diplomatik wekilleri-de gatnaşdylar.

Festiwalyň açylyş dabarasynda çykyş eden Hindistanyň ilçisi Sunil Jaýn bu çäräniň iki ýurduň medeniýet boýunça diplomatiýasynyň özboluşly bir dowamydygyny belledi.
XS
SM
MD
LG