Sepleriň elýeterliligi

Fransiýa türkmen studentleri üçin iki sany okuw programmasyny hödürleýär


Pariž

Pariž

Fransiýada magistraturada okamaga höwes bildirýän türkmen studentleri nirä ýüz tutmaly? Bu ugurda haýsy programmalar hödürlenýär? Şu soraglar bilen gyzyklanyp, Azatlyk Radiosynan Merdan Saryýew Fransiýanyň Türkmenistandaky Medeni merkeziniň baş sekretary Laetitia Barbe bilen söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Laetitia, ilki bilen Türkmenistanyň raýatlary üçin hödürleýän okuw programmalaryňyz barada gürrüň berseňiz.

Laetitia Barbe: Fransiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy Fransiýada okamak isleýänler üçin iki sany okuw programmasyny hödürleýär. Bularyň biri “Bourse Bourdieu”. Bu progrmmamyz magtistraturada okamak isleýänler üçin niýetlenen. Muňa ýüz tutmak isleýänler ýokary okuw jaýynda azyndan dört ýyl okan bolmaly.

Beýleki bir programmamyz hem magistraturada okamaga höwes bildiriýänlere niýetlenen. Ol Fransiýanyň hökümeti tarapyndan hödürlenýän programma. Bu programmada dürli ugurlar boýunça bilim alyp bolar, ýagny sosial bilimler, taryh ýaly ugurlar boýunça-da okap bolýar.

Azatlyk Radiosy: Laetitia, siziň programmalaryňyza gyzyklanma bildiren türkmen talyplary haýsy resminamalary hödürlemeli we olar nähili proseduralary geçmeli?

Laetitia Barbe: Bu ýerde edilmeli esli zat bar. Iň gowusy, okamaga gyzyklanma bildirýänler biziň websaýtymyza girip görseler, has gowy bolar. Onuň salgysy: www.ambafrance-tm.org. Umuman aýdylanda, talyplar ilki arzany doldurmaly, terjimehal, diplom ýaly dokumentleri hödürlemeli. Ýöne meniň maslahat berjek zadym – gyzyklanma bilirýän talyplar biziň websaýtymyza girsinler. Ol ýerde okuw progammalary bilen bagly ähli jikme-jik maglumatlar ýerleşdirilen.

Bu ýyl üçin eýýäm arza beriş möhleti tamamlandy. Ýöne geljek 2013-2014-nji okuw ýyly üçin, arzalar şu ýylyň dekabryndan kabul edilip başlanar.

Azatlyk Radiosy: Siziň programmalaryňyz bilen tanyşmak üçin, fransuz dilini nä derejede bilmek wajyp?

Laetitia Barbe: “Bourse Bourdieu” programmasyna gatnaşmak üçin, fransuz dilini gowy bilmek zerur. Sebäbi bu diňe biziň programmamyz bolman, onuň düzüminde başga-da ençeme guramalar bar.

Fransuz hökümetiniň hödürleýän programmasy barada aýdylanda, oňa gatnaşmak üçin hem fransuz dilini bilmek gerek. Ýöne eger-de talybyň kabul edişlik üçin hödürleýän resminamalary gowy bolsa, ýagny bahalary ýokary bolsa, onda biz fransuz diliniň derejesine onçakly uly üns hem beremzok.

Azatlyk Radiosy: Siziň hödürleýän programalaryňyz boýunça goşmaça maglumatlary Fransiýanyň Aşgabatdaky medeni merkezinden hem alyp bolýar, şeýle dälmi?

Laetitia Barbe: Biziň gapylarymyz gyzyklanma bildirýän ähli kişi üçin açyk. Biziň iş wagtymyz duşenbe-şenbe günleri aralagynda, sagat 12-den giçlik 20-00-a çenli açyk. Ol ýerde Fransiaýada okamak isleýänler üçin, köp peýdaly maglumatlarymyz bar. Şeýle-de biz bu ugurda köp sanly çäreleri geçirýäris. Meselem, biziň öz klublarymyz bar, biz kino agşamlaryny, diskussiýalary gurnaýarys. Biz türkmen raýatlaryny öz Medeni merkezimize gelmäge çagyrýarys.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG