Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Haýydow: “Okamak niýeti bolanlar okaýarlar”


Russiýa Federasiýasynyň Irkutsk şäherinde hereket edýän türkmen diasporasynyň ýolbaşçysy, medisina ylymlarynyň doktory, professor Gurbandurdy Haýydow.
Russiýa Federasiýasynyň Irkutsk şäherinde hereket edýän türkmen diasporasynyň ýolbaşçysy, medisina ylymlarynyň doktory, professor Gurbandurdy Haýydow.
Russiýa Federasiýasynyň Irkutsk şäherinde hereket edýän türkmen diasporasyna medisina ylymlarynyň doktory, professor Gurbandurdy Haýydow ýolbaşçylyk edýär.

Asly Garagalpagystan awtonom respublikasynyň Dörtgül etrabyndan bolan Gurbandurdy Haýydow Orsýetiň Irkutsk şäherindäki medisina institutyny tamamlap, ýokanç keseller boýunça ilki kandidatlyk, soňra doktorlyk dissertasiýasyny goraýar. Ol “Russiýanyň at gazanan lukmany” diýen hormatly ada mynasyp boldy. Ol häzir Irkutskiniň Medisina uniwersitetinde ýaşlara bilim berýär.

Günorta Sibirdäki Orsýetiň Irkutsk şäheri iň uly medeni merkezleriň biri bolup, ol ýerde ýüzden gowrak milletiň ýaşaýandygy aýdylýar. Olardan 20 milletiň resmi hasaba alnan medeni ojaklary bar. Ol ýerde türkmenler hem köpçülikde ýaşaýarlar we okaýarlar.

Azatlyk Radiosy şol Irkutsk şäherindäki türkmenleriň il ýaşulusy Gurbandurdy Haýydow bilen ýaşlaryň okuwa ýerleşmegi we olaryň öz bilimlerini artdyrmagy bilen bagly meseleler boýunça gürrüňdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Gurbandurdy aga, siz okuw maksatlary bilen Günorta Sibirde galypsyňyz hem şol ýerde ýaşaýarsyňyz. Okamak, bilim almak barada bu günki ýaşlara näme maslahatyňyz ýa teklibiňiz bar?

G.Haýydow: GDA döwletlerinden geljek oglanlar bar bolsa, bu ýerde Oba hojalyk akademiýasy, Politehniki uniwersitet bar, ine, bular Russiýanyň hasabyna okatjaklar gelseler.

Azatlyk Radiosy: Diýmek, şol okuw jaýlarynda türkmen ýaşlary üçin okuw mugt boljak-da. Ýöne, eger okuwçy rus dilini gowy bilmese ýa rusça gowşak bolsa, onda nähili bolar?

G.Haýydow: Rus dilini gowy bilmese, bir ýyl taýýarlyk kursunda okadýarlar. Onsoň 1-nji kursa geçirýäler. Medinstitut, bular, ine, pully. Ýöne bu ýerde pul möçberi onça köpem däl.

Eger o ýanda okuwa giren wagty beriljek paranyň möçberine garasaň, şo berjek paraň bu ýerde alty ýyl okamaga hem eklenmäge. Şonuň ýaly ýagdaý. Bu ýerde Medinstituta girjek bolsa, taýýarlyk kursuny gutaryp, onsoň 1-nji kursa geçýär.

Häzir şu günüň özünde ýedi-sekiz oglan-gyz biziň medinstitutymyzyň taýýarlygy gutaryp, 1-nji kursa alyndy diýen hasaby. Hemmesi Türkmenistandan gelen.

Azatlyk Radiosy: Başga okuw jaýlarynda türkmenler barmy?

G.Haýydow: Politehniki uniwersitetde 20-den köp oglan okaýar Türkmenistandan. Oba hojalyk akademiýada okap ýörenler bar.

Azatlyk Radiosy: Diýmek, siziň pikiriňizçe, türkmenistanly ýaşlar Günorta Sibirde öz bilimini ösdürip biljekler-dä, olara okamaga doly şert bar-da, bu şeýlemi?

G.Haýydow: Eger yhlasy bolsa, okamak niýeti bar bolsa, okaýarlar. Kömek edilýär. Garşy alynýar. Türkmen diasporasy olara hossarçylyk edýär.

Azatlyk Radiosy: Gurbandurdy aga, indi türkmen diasporasynyň meselelerine geçsek, siziň şäheriňizde türkmenler köplükmi?

G.Haýydow: Türkmenler Irkuts oblasty boýunça az. Bu ýerde 40 müňe ýakyn özbek bar. Şäherde 10-15 müň. Gyrgyzam bir 30 müňe golaý, täjigem 30 müň diýse boljak. Musulman bu ýerde kän. Türkmen az.

Azatlyk Radiosy: Munuň bir sebäbi barmy? Millet sany boýunça gyrgyzlar bilen täjiklerem bizden beýle bir köplük däl ahyryn?!

G.Haýydow: Sebäbi Türkmenistandan wiza boýunça çykmaly bolansoň, o ýandan köp çykyp bilenok-da adamlar daşaryk. Özbegistanda, Gyrgyzystanda, Gazagystanda we Täjigistanda wiza ýok Russiýa bilen arada. Hemme şu ýana gelýä-dä işlemäge.

Azatlyk Radiosy: Türkmen ýaşlary uly ýurduň içinde, köpdürli milletiň arasynda öz türkmeniligini gorap bilýärlermi?

G.Haýydow: Türkmen dilinimi?

Azatlyk Radiosy: Hawa, türkmen dilini, türkmen häsiýetini, umumy türkmençiligi?

G.Haýydow: Hemmesini bilýärler, hemme gepleýär türkmen dilinde. Meniň, ine, özüm gepläp durun häzir türkmen dilinde. Näme, orusça goşup durunmy? Maňa-da 45 ýyl bolýar şu 22-nji iýunda, doly 45 ýyl dolýar meniň şu ýere gelip gadam basanyma.

Azatlyk Radiosy: Elbetde, bu bir är ömri. Siz bu ýerde uly we hormatly derejelere ýetdiňiz. Bu size nähili başartdy?

G.Haýydow: Weý, öz zähmetim bilen, özümiň yhlasym bilen, şonuň bilen ýetdim-dä. Maňa bu ýerde näme hossar bolup ýa bir okuwyma... Men gelen wagtymda, bu ýerde hiç bir türkmen ýokdy. Şonuň üçin, ýaşlar yhlasly, okajak adamlar bolsalar, gelsinler. Elimizden gelen ýardamy ederis. Yhlasy bolsa, okasynlar, bilim alsynlar. Bu ýerde bilim berilýär.
XS
SM
MD
LG