Sepleriň elýeterliligi

Pileçiligiň peselmegine näme sebäp bolýar?


Ýüpek gurçuklary ýaprak iýýär.

Ýüpek gurçuklary ýaprak iýýär.

Türkmenistanyň hökümet başlygynyň orunbasary Nökerguly Atagulyýewe berk käýinç berildi. 15-nji iýunda geçirilen hökümet maslahatynda aýdylmagyna görä, oňa bu käýinç pile öndürmek baradaky tabşyryga hötde gelmändigi üçin berlipdir.

“Şu ýyl Türmenistana ýaz giç geldi, bir sowuk boldy, bir maýlady, netijede edil pile möwsüminde tut ýapraklary ýetişmedi” diýip, ýerli synçylaryň käbiri ýüpek gurçugyndan alynýan pile hasylynyň garaşylyşyndan az bolmagynyň bir sebäbini howa ýagdaýy bilen düşündirýär. Ýöne olar sowet döwründe ekilen tut agaçlarynyň köp ýerde ýok edilendigini hem tassyk edýärler.

Sowet döwründen gelýän ýaprak ýetmezçiligi

Türkmenistanda pileçilik sowet döwründe, ýokardan kesgitlenýän planly ykdysydetiň bir bölegi hökmünde ösdürildi. Şol döwürde hem Türkmenistanda tut agaçlarynyň plantasiýalary döredildi. Mundan başga, oba ýerlerindäki hojalyklara berlen mellekleriň hem bir bölegine tut agaçlaryny ekmeli etdiler. Ýöne muňa garamazdan, belki-de ýokardan berilýän planyň agdyklygyndan, belki-de käbir hojalyklaryň tut ýetişdirmäge gereginçe üns bermezliginden, pile möwsümindäki ýaprak gytçylygy söwet döwründe-de daýhanlary uzak ýollary sökmäge mejbur edipdi.

Türkmenistan indi ýigrimi ýyl gowrak wagt bäri bazar ykdysadyýetinden ugur alýandygyny aýdýar. Şu sebäpden, ýerli synçylaryň aýtmagyna görä, indi ýüpek gurçugyny idetmek meselesinde sowet döwründäki ýaly zorluk ýok. O mahal obada mugallym, doktor bolup işleýänlere hem gurçuk tohumynyň berilýän halatlary bolardy. "Indi adamlaryň özi: “Aý, birküç gezek tut ýapragyny berýän, soň uka gidýär, ukudan oýanýar, iki otagyňy boşadyp, 40 gün gowrak çydasaň, birneme girdeji edinip bolýar” diýmese, ýokardan basyş ýok" diýip, aşgabatly ýazyjy Amanmyrat Bugaýew aýdýar.

Nyrh meselesi

Lebaply žurnalist Osman Hallyýewiň pileçiler we pileçi spesialistler bilen pikir alşyp aýtmagyna görä, ýurtda pile planynyň dolmazlygy esasan onuň döwlet tarapyndan satyn alnyş nyrhy bilen bagly. “Döwlete tabşyrylan piläniň her kilogramyna täze puldan 5 manat töleýärler, bu bolsa 2 dollara hem ýetenok – diýip, Hallyýew aýdýar. - Daýhanlar piläniň dünýä bazarlaryndaky nyrhyndan tas iki esse az hak tölenmeginden nägile bolýarlar.”

Bu pikiri ýylda 20-30 gram gurçuk tohumyny alýandygyny aýdan daýhan aýal hem tassyklap, Azatlyk Radiosyna şeýle diýdi: "Jaý bilen üpjün etseler, onsoňam nyrhy örän arzan, ol eden azabyňa demeýär."

Ýerli synçylaryň käbiri türkmen daýhanlarynyň indi sowet döwründäkiden has abadanlaşdyrylan jaýlarda ýaşaýandygyny, ýewro remont edilen jaýda gurçuk tutup, alynjak girdejiniň çekilen zyýany ödemeýändigini olara öňe sürýär.

Hökümet başlygynyň orunbasarynyň günäsi

Bolgariýada ýaşaýan ykdysatçy Annadurdy Hajyýewiň pikiriçe, hökümet başlygynyň orunbsary ýeterlik pile öndürilmezliginde belli bir derejede günäkär. Görnüşinden, ol pile önümçiligiden, bu ugurdaky meselerden, öndürilen pile üçin daýhana tölenýän tölegden we beýlekilerden ýeterlik baş çykaryp bilmeýär.

Ikinjiden, ykdysatçy Hajyýewiň pikiriçe, Türkmenistanda hökümet başlygynyň orunbasarlary adatça öz jogap berýän pudaklaryndaky problemalar, ösüşiň möhüm strategiki ugurlary barada bile-göre dymýarlar we şeýdip şol bir meseleleriň ýyldan-ýyla çözülmän galmagyna sebäp bolýarlar.

Tejribeler we şertler

Häzir dünýäde ýüpek gurçugyny idedip, ýokary pile hasylyny almagyň baý tejribeleri bar. Bu tejribeler pileçileriň azat bazar kanunlary esasynda işläp hem gazanç edip bilmegi bilen bagly. Mysal üçin, ozalky sowet respublikasy bolan Täjigistanda pileçiler öz tut, ýaprak mümkinçilikleri esasynda gurçuk tohumyny alyp, öndüren pilelerini özara ylalaşyk esasynda islän ýerlerine, bazaryň göterýän nyrhyndan satyp, girdeji alyp bilýärler.

Ykdysatçy Annadurdy Hajyýew “Türkmenistanda önümçilik bilen bagly problemalary pudak ýolbaşçylaryna käýinç bermek bilen çözüp bolmaz, olary hemme taraplaýyn çözmeli” diýýär.

Azatlyk Radiosynyň habarçylary bilen söhbetdeş bolan ýüpekçi spesialistleriň pikirine görä, Türkmenistanda ýüpek gurçuklaryndan ýokary hasyl almak üçin ýöriteleşdirilen hojalyklary döretmeli. “Eger döwlet gurçuk saklar ýaly ýörite jaýlary gurmaga kömek etse, tut ekmäge ýer bölüp berse we öndürilen önümi dünýä nyrhlaryndan satmaga ýol açsa, bu işi etjek adamlar az bolmaz” diýip, ýerli spesialistler aýdýarlar.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG