Sepleriň elýeterliligi

Gresiýa: Konserwatorlar koalisiýa baradaky gepleşiklere başladylar


Ýekşenbe güni Gresiýada geçirilen parlament saýlawlarynda konserwatiw “Täze Demokratiýa” partiýasy ýeňiş gazanansoň, ýurtda koalision hökümeti düzmek barada gepleşiklere başlandy.

Gresiýadaky saýlawlaryň netijesi Ýewropanyň hem Aziýanyň maliýe bazarlaryndaky aksiýalaryň bahasynyň ýokarlanmagyna täsirini ýetirdi.

Sebäbi bu saýlawlarda çepçi “SYRIZA” ýaranlygy ýeňiş gazanan bolsa, Gresiýa ýewro zolagyndan çykar diýlip çaklanýardy.

Gresiýada geçirilen parlament saýlawlarynda “Täze Demokratiýa” partiýasyna saýlawçylaryň 30 prosenti ses berdi.

Çepçileriň “SYRIZA” ýaranlygy bolsa sesleriň 27 prosentini almagy başardy.

Saýlawlarda alan sesleri boýunça üçünji orny eýelän sosialistleriň “PASOK” partiýasy konserwatorlar bilen koalisiýa düzmäge taýýardygyny mälim etdi, ýöne sosialistler “milli birleşik” hökümetine beýleki çepçi güýçleriň hem goşulmagyny şert edip goýýär.
XS
SM
MD
LG