Sepleriň elýeterliligi

Merkezi Aziýada ABŞ-nyň gatnaşmagynda harby türgenleşik geçirilýär


Gyrgyz resmileriniň beren maglumatlaryna görä, Gyrgyzystanda ABŞ-nyň hem Merkezi Aziýa regionyndaky käbir ýurtlaryň gatnaşmagynda harby türgenleşik başlanypdyr.

Owganystanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň hem ABŞ-nyň harbylarynyň gatnaşmagynda geçirilýän türgenleşigiň tebigy betbagtçylyklar ýüze çykanda öz wagtynda hem dogry hereket etmegi öwretmäge gönükdrilendigi aýdylýar.

“Regional hyzmatdaşlyk - 2012” atly çäräniň 29-njy iýuna çenli dowam etjekdigi habar berilýär.

Gyrgyzystanda geçirilýän türgenleşik geçen hepdede Täjigistanda Hytaýyň, Gazagystanyň, Orsýetiň hem Täjigistanyň harbylarynyň gatnaşmagynda Şanhaý Hyzmatdaşlyk guramasy tarapyndan gurnalan türgenleşigiň yzýanyna gabat geldi.
XS
SM
MD
LG