Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Fransiýanyň parlament saýlawlarynda sosialistler öňe saýlandy


Hepdäniň ýekşenbe güni Fransiýada geçirilen parlament saýlawlarynda ýurduň prezidenti Fransua Ollandyň ýolbaşçylygyndaky sosialistik partiýanyň öňde barýandygy aýdylýar.

Saýlawlaryň netijeleri barada berlen deslapky maglumatlara görä, sosialistlere we olaryň ýaranlaryna Fransiýanyň 577 orunly Milli assambleýasynda 320 çemesi mandaty almak başardypdyr.

Sosialistleriň parlamentde agdyklyk etmegi ýurtda geçirilmekçi bolýan reformalaryň amala aşmak mümkinçiligini ýokarlandyrýar.
Fransiýada sosialistler ýurduň Senatynda hem köplük bolup durýar.
XS
SM
MD
LG