Sepleriň elýeterliligi

Daglyk Garabag regionynda azeri esgeri ýaralandy


Azerbaýjanyň Goranmak ministrliginiň beren maglumatyna görä, 18-nji iýunda Daglyk Garabag regionynda bir azeri esgerine hüjüm edilip, ol keselhana ýerleşdirilipdir.

Daglyk Garabagyň resmileri duşenbe güni irden Azerbaýjan tarapynyň geçen hepde ok atyşlygy bes etmek baradaky ylalaşygy müň gezek bozandyklaryny aýdypdylar. Azerbaýjan tarapy bu aýyplamalara entek jogap bermedi.

Azerbaýjanyň hem Ermenistanyň daşary işler ministrleri şu gün Daglyk Garabag meselesi boýunça Parižde duşuşyp, gepleşik geçirýärler.

Taraplar ok atyşlygy bes etmek baradaky ylalaşyga 1994-nji ýylda gol çekipdi. Iýun aýynyň başynda azeri-ermeni serhedinde hem Daglyk Garabagda ýüze çykan çaknyşyklarda iki tarapdan jemi 9 esgeriň heläk bolandygy habar berilipdi.
XS
SM
MD
LG