Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ-nyň okuw we hünär alyş-çalyş maksatnamalary


Birleşen Ştatlaryň hökümeti Türkmenistanda nähili okuw we hünär alyş-çalyş maksatnamalaryny geçirýär? Bu sorag bilen gyzyklanyp, Azatlyk Radiosyndan Merdan Saryýew ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň Medeni işler boýunça ataşesi Kourtneý Doggart bilen söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Kourtneý, bilşimize görä, ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň köp sanly okuw-bilim programmalary bar. Siz bularyň käbirleriniň üstünde durup geçseňiz.

Kourtneý Doggart: Siziň ýaňky belleýşiňiz ýaly, biziň Türkmenistanda köp sanly okuw-bilim programmalarymyz bar. Bularyň üsti bilen biz Türkmenistanyň ýaşaýjylarynyň ABŞ-da bilim almagyna mümkinçilikler döredýäris.

Eger-de bularyň käbirleri hakynda anyk gürrüň etmeli bolsa, onda, mysal üçin, okuwy gutaran talyplara niýetlenýän “Fulbraýt” programmasyny alyp göreliň. Munuň üsti bilen türkmen talyplary 1-2 ýyl ABŞ-a gidip, magistraturany okap bilerler.

Şeýle-de ýokary okuwy jaýyny gutaran talyplar üçin “Maski” programmamyz bar. Munuň üsti bilen türkmen talyplary ABŞ-a gidip, şol ýerde 1 ýa-da 2 ýyl magistraturada okap bilerler.

Biziň başga-da köp sanly okuw programmalarymyz bar. Isleg bildirýän talyplar bu programmalaryň ählisi boýunça anyk maglumatlary biziň turkmenistan.usembassy.gov websaýtymyzdan tapyp bilerler.

Azatlyk Radiosy: Kourtneý, indiki sorajak zadym programmalaryňyz boýunça ýüz tutjak talyplaryň iňlis dilini biliş derejesi bilen bagly. Siziň hödürleýän bilim programmalaryňyza gatnaşmak üçin, iňlis diliniň derejesi nähili bolmaly, ýagny ony suwara bilmek zerurmy?

Kourtneý Doggart: Bu ýerlikli sorag. Elbetde, iňlis dilini suwara bilmek gaty kyn bolaýmasa, hatda meniň özüm üçin hem. Ýöne, hawa, programmalarymyza gatnaşmak üçin, iňlis dilini gowy bilmeli. Sebäbi, ol adam soňy bilen okuwyny iňlis dilinde okamaly bolar. Ýöne, elbetde, diliň talap edilýän derejesi öz gezeginde ýene-de talybyň saýlap alýan programmasyna bagly. Men ähli gyzyklanýan talyplary ýetişip bildiginden iňlis dilini öwrenmäge çagyrýaryn. Bu gaty uly hemaýat berer. Iňlis dilini bilýänlere hem duran ýerinde durman, öz başarnyklaryny kämilleşdirmeklerini maslahat berýän.

Azatlyk Radiosy: Ýöne nähili hem bolsa, ABŞ-da siziň programmalaryňyzyň üsti bilen ýa-da özbaşdak okuwa gitmek isleýän talyplar siziň Medeni merkeziňizden hem goşmaça maglumatlary arkaýyn alyp bilýärler. Üstesine-de, ol ýerde iňlis dilini öwrenip bolýar, şeýlemi?

Kourtneý Doggart: Bu gaty dogry. Biziň Medeni merkezimizde köp maglumat bar. Ol Aşgabatda “Ak Altyn” myhmanhanasynda ýerleşýär. Özbaşdak okuwa gitmek isleýänler üçin hem ol ýerde bu ugurda köp informasiýa bar.
XS
SM
MD
LG