Sepleriň elýeterliligi

Gazagystanda okamak isleýän türkmen ýaşlary näme etmeli?


Gazagystanyň Al-Farabi adyndaky Döwlet uniwersitetinde, Almaty, 2012-nji ýylyň 24-nji maýy.

Gazagystanyň Al-Farabi adyndaky Döwlet uniwersitetinde, Almaty, 2012-nji ýylyň 24-nji maýy.

Gazagystanyň ýokary okuw jaýlarynda okamak isleýän Türkmenistanyň ýaşaýjylary näme etmeli? Bu soraga jogap tapmak üçin, Azatlyk Radiosyndan Merdan Saryýew Gazagystanyň Abylaý han adyndaky dünýä dilleri boýunça halkara uniwersiteti bilen habarlaşdy.

Gazagystanyň Abylaý han adyndaky dünýä dilleri boýunça halkara uniwersitetiniň kabul ediş komissiýasynyň jogapkär sekretary Tatýana Serežkina bu ýokary okuw jaýy, oňa girmegiň şertleri barada gürrüň berdi.

Tatýana Serežkina: Gazagystanyň Abylaý han adyndaky dünýä dilleri boýunça halkara uniwersiteti köptaraply ýokary okuw jaýy bolup, ol halkara gatnaşyklary we daşary ýurt dilleri boýunça hünärmenleri taýýarlaýar. Uniwersitetimiziň düýbi 1941-nji ýylda tutulypdy. Ol başda mugallymçylyk instituty hökmünde açylypdy. Indi bolsa onuň uniwersitet derejesi bar. Uniwersitetimiziň saýty: www.ablaikhan.kz. Isleg bildirýänler ähli gerekli maglumatlary ol ýerden tapyp bilerler.

Biziň uniwersitetimizde bakalawr, ýagny başdaky ýokary bilim boýunça 24, magistratura boýunça hem 10 hünärden sapaklar berilýär.

Azatlyk Radiosy: Siziň uniwersitetiňize beýleki ýurtlardan talyplaryň kabul ediliş şertleri nähili? Hususan-da, Türkmenistandan okamaga isleg bildirýän ýaşlara nähili talap bildirilýär?

Tatýana Serežkina: Gazagystanyň Ylym we bilim ministrliginiň kararyna görä, 2004-nji ýyldan başlap, ýurtda ýeke-täk milli, ýagny kompleksleýin synag geçirilip başlandy. Onda dört sapak boýunça test geçirilýär. Bular rus dili, Gazagystanyň taryhy, matematika we ýene-de talybyň öz islegi boýunça bir sapak. Bu hem ýa daşary ýurt dili, ýa geografiýa ýa-da bütindünýä taryhy bolmaly.

Ýokary okuw jaýyna resminama tabşyrmazdan ozal, bu synagdan geçmeli. Her sapak üçin 25 bal berilýär. Netijede talyp azyndan 50 bal almaly. Türkmenistanyň bu ugurdan degişli halkara ylalaşyklaryna gol goýup, olary ratifikasiýa etmändigi sebäpli, ýagny iki ýurduň arasynda ylalaşyk baglaşylmandygy üçin, türkmen talyplary diňe tölegli bölümlere girmeli bolýarlar. Ýöne şol bir wagtyň özünde Orsýetiň, Gyrgyzystanyň, Belarusyň studentleri hökümetiň berýän grantlaryny hem alyp bilýärler.

Azatlyk Radiosy: Siz türkmen talyplarynyň “tölegli bölümlere” girip bilýändigini aýtdyňyz. Onda näme, olar tölegli bölümlere ýazylsalar, siziň hälki aýdan umumy testiňizi tabşyrmasalar hem bolýarmy?

Tatýana Serežkina: Ýok. Diňe umumy kompleksleýin synag tabşyrylandan soň, türkmen talyplary tölegli bölümlere ýüz tutup bilýärler.

Azatlyk Radiosy: Onda, nähili bolsa-da, olaram umumy synagy geçmeli bolýarlar-da?

Tatýana Serežkina:. Hawa, hökmany ýagdaýda.

Azatlyk Radiosy: Durmuşdan mysal alyp göreliň, ine, Türkmenistanda bir ýetginjek orta mekdebi tamamlady, indi hem Gazagystanyň ýokary okuw jaýlarynda okamak isleýär. Ol anyk näme etmeli?

Tatýana Serežkina: Türkmenistanyň haýsy hem bolsa okuw jaýyny gutaran adam ilki bilen bu ýere gelip, notirifikasiýadan geçmeli, ýagny daşary ýurduň diplomlaryny ýa-da beýleki şahadatnamalaryny bildirilýän ýerli talaplar bilen deňeşdirmeli. Eger-de ol ýeriniň bilim derejesi biziňki bilen gabat gelmeýän bolsa, onda ol adam bu taýda okap bilmez.

Azatlyk Radiosy: Bu aýdýan zatlaryňyzy amala aşyrmak üçin nirä ýüz tutmaly?

Tatýana Serežkina: Bu baradaky maglumatlary edu.gov.kz saýtyndan tapyp bilersiňiz. Bu Gazagystanyň Bilim ministrliginiň saýty. Onda tabşyrmasy zerur bolan synaglara hem göz aýlap bilersiňiz.
XS
SM
MD
LG