Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Obama bilen Putin Siriýa krizisini maslahatlaşýar


ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama rus kärdeşi Wladimir Putin bilen gürleşýär. Los Kabos, Meksika, 18-nji iýun, 2012.
ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama rus kärdeşi Wladimir Putin bilen gürleşýär. Los Kabos, Meksika, 18-nji iýun, 2012.
Birleşen Ştatlaryň prezidenti Barak Obama bilen Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin Meksikada G-20 toparynyň sammitiniň gapdalynda, Putin üçünji möhlete prezident saýlanaly bäri, ilkinji ikitaraplaýyn duşuşyklaryny geçirdiler.

Obama duşuşykdan soň žurnalistlere beren gürrüňinde iki lideriň, “ylalaşylmaýan ugurlar baram bolsa”, özleriniň umumy bähbitler babatdaky üstünliginiň zerurlygy barada ylalaşandyklaryny aýtdy.

Waşington Siriýadaky syýasy we ynsanperwer krizisi çözmekde Orsýetden komek almaga çalyşýar. Prezident Başar al-Assadyň güýçleriniň 15 aý bäri dowam edýän gozgalaňda 14 müň çemesi adam öldürendigi aýdylýar.

Assadyň iş başyndan çekilmegi barada edilýän halkara çagyryşlara şu wagta çenli garşy bolup, Orsýet özüniň Orta Gündogardaky soňky ýaranyna wepalylygyna galýar. Moskwa Assadyň režimini protestçileri zorlukly basyp ýatyranlygy üçin giriziljek bolnan halkara sanksiýalaryndan hem gorady.

Iki lideriň bilelikde çap eden beýanatynda Assadyň işden çekilmegine çagyrylmanlygy baradaky fakt göze ilerlikdir. Muňa derek, beýanatda “ähli zorlugyň derhal togtadylmagyna” çagyrylýar we BMG bilen Arap ligasynyň bilelikdäki wekili Kofi Annanyň tagallalaryna, şol sanda “demokratik, plýuralistik syýasy sistema geçişe tarap süýşmäge” doly goldaw bildirilýär.

Şeýle-de beýanatda Waşington bilen Moskwanyň siriýa halkynyň öz geljegini garaşsyz we demokratik esaslarda saýlap bilmek mümkinçiligine eýe bolmalydygyna ynanýandyklary aýdylýar.

Iki rus gämisi Siriýa ugraýar

Iki lideriň duşuşan wagty rus habar gulluklary Orsýetiň harby-deňiz flotunyň Siriýada ýerleşýän rus harby bazasyndaky graždan ilaty goramaly deňizçi esgerleri äkitjek iki gämisiniň ýola düşmäge taýýarlanýandygyny habar berdi.

"Interfaks" habar gullugy rus harby-deňiz flotunyň bir resmisine salgylanyp, “Nikolaý Filçenkow” we “Sezar Kunikow” gämileriniň basym Siriýadaky Tartus portuna ugrajagyny ýazýar.

Siriýa 40 ýyl çemesi wagt bäri sowet we rus ýarag senagatynyň esasy alyjysy bolup durýar. Şeýle-de Moskwa, Günbataryň ýarag üpjünçiligini bes etmek baradaky çagyryşlaryna garamazdan, Siriýa ýarag ibermegini dowam etdirdi.

Birleşen Ştatlaryň döwlet sekretary Hillari Klinton geçen hepde Orsýeti Siriýa hüjüm wertolýotlaryny iberip, ol ýerdäki krizisi has ýitileşdirmekde aýyplady.

Döwlet departamenti biraz soň ol wertoletlaryň hakykatda Assad režiminiň özüniňki bolandygyny, ýöne remont edilendigini boýun aldy. Emma Klintonyň bu sözleri Orsýetiň gaharyny getirip, Obama bilen Putiniň duşuşygyndan öň dartgynlygyň çuňlaşmagyna sebäp boldy.

Gatnaşyklaryň derejesi aşaklady

Obama 2009-njy ýylda prezidentlige başlanda rus-amerikan gatnaşyklaryny gowulaşdyrmaga aýratyn ähmiýet berip, “gaýtadan guruşy” jar edipdi. Şondan bäri bu iki ýurt Owganystandaky uruşda we beýleki umumy bähbitli strategiki meselelerde hyzmatdaşlyk etdi. Obama we prezident Dmitriý Medwedew, häzir premýer ministr, dünýä arenasynda we ondan daşgary dostlukly gatnaşykda boldy.

Ýöne soňky birnäçe aýda gatnaşyklaryň derejesi aşaklady. Putiniň maýda Kremle dolanyp gelmegi ýagdaýyň gowulaşmagyna kömek eder öýdülmeýärdi.

Obama Putini onuň mart saýlawyndan soň gyzgyny bilen gutlap telefon etmedi. Putin bolsa, maýda Obamanyň beýemçilik eden G8 duşuşygyna barmakdan ýüz öwürdi.

Bu gün Obama Birleşen Ştatlar bilen Orsýetiň arasyndaky “dartgynlyklaryň” çözülip biljegine ynamlydygyny aýdýar.

Şularalykda, Moskwada amerikan we rus araçylary britan, fransuz, german we hytaý wekilleri bilen bile Eýran bilen onuň güman edilýän ýadro programmasy barada iki günlük duşuşyga başladylar.

Orsýet BMG-niň Eýrana garşy onuň Günbatar tarapyndan gizlin ýarag ýasamakda güman edilýän programmasynda açyklygyň ýoklugy zerarly girizjek bolan sanksiýa tagallasyna goşuldy, ýöne berk çäre görülmeginiň öňüni böwetledi.
XS
SM
MD
LG