Sepleriň elýeterliligi

Baku bilen Aşgabat Hazar üstünde çekeleşýär


Hazar deňziniň türkmen territoriýasynda, 2010-njy ýylyň iýun aýy.

Hazar deňziniň türkmen territoriýasynda, 2010-njy ýylyň iýun aýy.

Azerbaýjan Türkmenistany Hazar deňzi boýunça iki ýurduň arasynda baglaşylan ylalaşygy bozmakda aýyplaýar we "degişli çäreleri" görjegini duýdurýar.

Azeri metbugatynyň duşenbe güni ýaýradan maglumatyna görä, Türkmenistanyň Bakuwdaky ilçisi Toýly Kömekow 18-nji iýunda Azerbaýjanyň Daşary işler ministrligine çagyryldy.

Azerbaýjanyň daşary işler ministriniň orunbasary Halaf Halafow türkmen ilçisine iki ýurduň arasynda Hazar deňzinde gözleg-agtaryş we nebit-gaz çykarmak barada baglaşylan ylalaşygyň bozulandygy üçin berk protest bildirdi diýip, azeri metbugaty habar berdi.

Azeri prezidenti Ylham Aliýew (çepde) we türkmen prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow, Baku, 2008-nji ýylyň 19-njy maýy.

Azeri prezidenti Ylham Aliýew (çepde) we türkmen prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow, Baku, 2008-nji ýylyň 19-njy maýy.

​Metbugat habarlarynda aýdylmagyna görä, duşuşykda Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň prezidentleriniň 2008-nji ýylda Hazar deňziniň düýbündäki araçäk boýunça ylalaşyk gazanylýança aralyk territoriýada gözleg-agtaryş we nebit-gaz çykarmak işlerini geçirmezlik baradaky şertnama gol çekendigi bellenipdir.

Azerbaýjanyň Daşary işler ministrliginiň resmi wekili Eýnal Abdullaýew Azatlyk Radiosynyň Azeri gullugyna beren interwýusynda bu ylalaşygy ýatlap, “Azerbaýjan we Türkmenistan deňizdäki sektorlarynyň kesişýän ýerlerinde, Hazar deňziniň düýbiniň hukuk durumy kesgitlenýäçä, hiç hili iş geçirmeli däl diýilýär” diýdi.

Şeýlelikde, Azerbaýjan Türkmenistany iki ýurduň aralyk territoriýasynda ýerleşýän “Kepaz” ýatagynda gözleg-agtaryş işlerini geçirmäge synanyşmakda aýyplaýar. Şu sebäpden, Azerbaýjan Türkmenistana berk protest bildirýär we Hazar deňzindäki hukuklaryny goramaga degişli çäreleri özüne galdyrýandygyny aýdýar.

Protestden öňki protest

Türkmenistan Azerbaýjanda “Kepaz” diýlip at berlen ýatagy “Serdar” diýip atlandyrýar.

Azerbaýjanyň habar serişdelerinden tapawutlylykda, Türkmenistanyň resmi metbugatynda bu habar bilen bagly maglumat berilmedi. Ýöne, muňa garamazdan, Türkmenistanyň Azerbaýjandaky ilçihanasy “Trend” habar gullugyna resmi Aşgabadyň Azerbaýjana jogap berendigini aýdypdyr.

“Türkmenistan.ru” internet neşiri hem 19-njy iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň azeri hem türkmen resmileriniň arasynda bolan duşuşyk barada azeri metbugatynda peýda bolan habarlar bilen bagly ýörite beýanat ýaýradandygyny habar berdi.

Bu beýanatda resmi Aşgabadyň Bakuwa 16-njy iýunda protest bildirendigi, sebäbi Azerbaýjanyň serhet gullugy tarapyndan Türkmenistanyň Hazar deňziniň Azerbaýjana dahylsyz ýerinde ylmy-barlag işlerini geçirýän graždan gämisine garşy bikanun hereket edilendigi aýdylýar. Bu protest resmi suratda, şol sanda Azerbaýjanyň Daşary işler ministrligine diplomatiki nota ibermek arkaly bildirilipdir.

“Şeýle prowakasiýa dowam etdirilen halatynda, türkmen tarapy degişli çäre görer” diýip, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň duýdurandygy habar berilýär.

Hazar deňziniň boýundaky bäş deňizýaka döwleti - Orsýet, Azerbaýjan, Gazagystan, Türkmenistan we Eýran - 1991-nji ýylda SSSR dargaly bäri Hazar deňzi boýunça deňiz serhetlerini kesgitläp bilmän gelýär.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG