Sepleriň elýeterliligi

Pakistanyň Ýokary sudy premýer-ministri wezipesinden çetleşdirdi


Pakistanyň Ýokary sudy ýurduň premýer-ministri Ýusuf Raza Gilaniniň wezipesinden “çetleşdirilendigini” yglan etdi.

Mundan iki aý töweregi ozal, Pakistanyň Ýokary sudy Gilanini suduň kararyny äsgermezlik etmekde günäli tapypdy.

Pakistanyň Ýokary sudy prezident Asif Ali Zardarä garşy korrupsiýa bilen bagly jenaýat işiniň gozgalmagyna päsgelçilik döredendigi üçin fewral aýynda Ýusuf Reza Gilanä aýyplama bildiripdi.

Suduň sişenbe güni çykaran kararyna görä, Gilani wezipesinden, şeýle-de ýurduň parlamentinden çetleşdirilýär.

Gowuşýan maglumatlara görä, ýurduň başyndaky Pakistanyň halk partiýasy Gilaniniň ornuna täze adamy saýlamaly bolar.
XS
SM
MD
LG