Sepleriň elýeterliligi

Putin Olimpiýa oýunlaryna baraýmagynyň mümkindigini aýdýar


Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin Britaniýanyň premýer-ministri Deýwid Keýmeron bilen geçiren gepleşiginde, geljek aýda Londonda başlanýan Olimpiýa oýunlaryndaky käbir çärelere gatnaşmagynyň mümkindigini aýtdy.

Iki lider Meksikada geçýän “G-20” sammitiniň dowamynda duşuşdylar.

Putiniň metbugat wekili Dmitriý Peskowyň žurnalistlere aýtmagyna görä, Orsýetiň lideri Olimpiýa oýunlarynyň çäklerindäki dzýudo boýunça käbir ýaryşlara tomaşa etmek üçin, Londona sapar etmegi ähtimal.

Putin ýokary klaslarda okaýan döwründen başlap, dzýudo bilen meşgullanyp gelýär. Ol Britaniýa 2003-nji ýyldan bäri sapar etmändi.
XS
SM
MD
LG