Sepleriň elýeterliligi

Türkiýede kürt seperatistleriniň hüjüminden 8 esger öldi


Türkiýäniň günorta-gündogar sebitinde kürt söweşijileriniň türk harby berkitmesine hüjüm edendigi aýdylýar. Çaknyşyk netijesinde on hüjümçiniň we sekiz esgeriň ölendigi barada maglumat berilýär.

Maglumata görä, Türkiýäniň Hakkari welaýatynda bolan çaknyşykda 16 türk esgeri hem ýaralanypdyr.

Gadagan edilen Kürt işçiler partiýasy, ýagny PKK eýýäm 30 ýyl töweregi bäri özleriniň awtonomiýasy ugrunda göreş alyp barýar.

PKK 1984-nji ýylda hereketlerine başlandan bäri, häzire çenli 45 müň adamyň ölendigi aýdylýar.
XS
SM
MD
LG