Sepleriň elýeterliligi

Eýranyň dawaly ýadro programmasy boýunça gepleşikler dowam edýär


Eýranyň dawaly ýadro programmasy boýunça Tähranyň resmileri bilen dünýäniň iri döwletleriniň arasynda ikinji gün gepleşikler geçirilýär.

Resmileriň maglumatyna görä, Moskwada geçen gepleşikleriň ilkinji gününde az üstünlik gazanylypdyr. Taraplaryň egilşige gitmek islemändigi aýdylýar.

Eýran bilen bir hatarda gepleşiklere ABŞ, Orsýet, Britaniýa, Fransiýa, Hytaý we Germaniýa gatnaşýar. Soňky iki aýyň dowamynda Eýranyň dawaly ýadro programasy boýunça Stambulda we Bagdadda gepleşikler geçirlipdi.

Eýran özüniň alyp barýan ýadro programmasynyň parahatçylyk maksatlara gönükdirlendigini öňe sürýär. Şeýle-de, Tähran Ýewropa Bileleşiginiň girizen nebit sanksiýalarynyň ýatyrylmagyny soraýar. Şol sanksiýalar 1-nji iýuldan güýje girmeli.
XS
SM
MD
LG