Sepleriň elýeterliligi

Ysraýylyň howa zarbasynyň netijesinde iki palestin ýetginjegi öldi


Ysraýylyň Gaza zolagyna amala aşyran howa hüjüminde, iki sany palestin ýetginjegi öldi.

Palestinanyň keselhana işgärleriniň berýän maglumatyna görä, ýetginjekleriň jesedi Ysraýyl bilen serhetde ýerleşýän Deir al-Balah sebitinden tapylypdyr.

Ysraýyl harbylarynyň aýtmagyna görä, haçan-da serhet araçäginde adamlaryň partlaýjy gurnap durandyklary aýan bolandan soň, olar howadan hüjümi amala aşyrypdyrlar.

Gazanyň resmileri, ölen ýetginjikleriň hiç bir ýaragly topar bilen ilteşiginiň bolmandygyny aýdýarlar.

Bu wakadan soň, “Hamas” toparynyň ýaragly ganaty ar alyş hökmünde, Ysraýylyň günortasyna dört raketany atandygyny mälim etdi.

Duşenbe güni Ysraýylyň Gaza sektoryna amala aşyran howa zarbasynda hem dört palestinaly ölüpdi.
XS
SM
MD
LG