Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen-azeri dawasynyň aňyrsynda näme ýatyr?


Hazar deňziniň Azerbaýjan tarapy
Hazar deňziniň Azerbaýjan tarapy
Azerbaýjan 18-nji iýunda Türkmenistany Hazar deňzi boýunça iki ýurduň arasynda baglaşylan ylalaşygy bozmakda aýyplady. Türkmenistan bolsa Aşgabadyň Bakuwa 16-njy iýunda protest notasyny iberendigini, sebäbi Azerbaýjanyň serhet gullugy tarapyndan Türkmenistanyň Hazar deňziniň Azerbaýjana dahylsyz ýerinde ylmy-barlag işlerini geçirýän graždan gämisine garşy bikanun hereket edilendigini aýdýar.

Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasyndaky soňky diplomatik dartgynlylygyň aňyrsynda näme ýatyr? Azatlyk Radiosyndan Gözel Hudaýberdiýewa Hazar regiony boýunça bilermen, Bakuwda ýerleşýän “Nebiti öwreniş merkeziniň” müdiri Ilham Şaban bilen söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Aşgabat bilen Bakuwyň arasyndaky soňky diplomatik dartgynlylygyň esasy sebäplerini nämede görýärsiňiz?

Bakuwda ýerleşýän “Nebiti öwreniş merkeziniň” müdiri Ilham Şaban
Bakuwda ýerleşýän “Nebiti öwreniş merkeziniň” müdiri Ilham Şaban
Ilham Şaban: Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň Hazar deňzi bilen bagly özara nägilelikleri täze bir waka däl. Ýurtlaryň arasynda şeýle ýagdaý üçünji gezek ýüze çykýar. Hazar deňzindäki dawalar sebäpli ýurtlaryň özara gatnaşyklary 2000-nji ýylda dartgynlaşypdy, mundan soň 2009-njy ýylda Türkmenistan Azerbaýjanyň Hazar deňzindäki “Azeri-Çirag” gaz ýatagynda özleşdiriş işleriniň alyp barylýanlygyndan nägilelik bildirip, halkara suduna arz etjegini mälim edipdi. Indi bolsa Azerbaýjan nägilelik bildirýär. Emma soňky wakanyň Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasyndaky dawaly hasaplanýan “Serdar”- “Kepaz” gaz ýatagy bilen baglydygy aýdylýan hem bolsa, bu gaz ýatagy häzirki konfliktde rol oýnamaýar diýip pikir edýärin.

Azatlyk Radiosy: Onda problemanyň tutaşmagyna näme sebäp bolup biler?

Ilham Şaban: Konflikt emeli bir ýol bilen güýçlendirilýär diýip pikir edýärin. Häzirki wagtda Hazar deňzinde amala aşyrylmagyna garaşylýan proýektleriň howpsuzlygynyň üpjün edilmegine Türkmenistanyň kepil geçmegine garaşylýarka, Aşgabat bilen Bakuwyň arasyndaky dawanyň ýene güýçlenmegi proýektiň ýene-de yza tesdirilmegi bilen bagly howatyrlanmalary güýçlendirýär. Bu ýagdaý Aşgabat üçin Baku bilen köneden gelýän dawasyny öz peýdasyna çözmäge pursat döredýär. Meniň pikirimçe, Aşgabat Ýewropa Bileleşiginiň Bakuwa basyş etmegini, ýagny onuň Azerbaýjany “Serdar”-“Kepaz” gaz ýatagyny Türkmenistanyňky hasap etmäge ündemegini isleýär.

Azatlyk Radiosy: Bu dawa öňden bäri dowam edýän bolsa, näme üçin Azerbaýjan edil häzir nägilelik bildirýär?

Ilham Şaban: Diplomatiýanyň talaby şeýle. Azerbaýjan häzir jogap bermese, bu onuň “Serdar”-“Kepaz” gaz ýatagyna dawa etmeýänligini aňladardy, ýagny bu Bakuwyň Hazar deňzini ortaça liniýa boýunça bölüşmek prinsipine eýermeýänligini görkezerdi. Şeýle ýagdaýda Azerbaýjan Eýran bilen hem özara problemalarynyň tutaşmagy bilen hem ýüzbe-ýüz bolardy.

Azatlyk Radiosy: Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasyndaky soňky dawa Ýewropa Bileleşigi tarapyndan goldanylýan Transhazar gazgeçirijisi boýunça proýektiň geljegine nähili täsir ýetirip biler?

Ilham Şaban: Meniň pikirimçe, Ýewropa Bileleşigi Transhazar gazgeçirijisiniň durmuşa geçirilmegi meselesine çakdanaşa optimistik garaýar. Sebäbi proýektiň geljegine, esasan, inženerlik we tehniki mümkinçilikler taýdan garamak düýpden ýalňyş. Bu ýerde syýasat, geo-ykdysadyýet we ýene köp mesele çözülmän galýar.

Azatlyk Radiosy: Aşgabat bilen Bakuwyň Transhazar gazgeçirijisiniň geljegine degişli meselede öz arasynda ylalaşmaklary üçin umuman mümkinçilik barmy?

Ilham Şaban: Men häzirki şertlerde olar meseläni çözmäge ukyply däl diýip pikir edýärin. Olar Hazar deňzinde ikitaraplaýyn ylalaşyk baglaşyp, işleşip bilerdi. Ýöne geosyýasat olara päsgel berýär. Regionyň döwletleriniň ählisinde ummasyz gaz baýlyklary bar. Geliň, regionyň ykdysady kartasyna syn edeliň, Transhazar gazgeçirijisi durmuşa geçiriläýende, munuň öz gazy üçin bazar gözleýän Orsýetiň, Gazagystanyň we Eýranyň bähbitlerine ters geljegini görmek mümkin. Olaryň hiç birisi halkara gaz bazaryna täze bir bäsdeşiň çykmagyny islemeýär.
XS
SM
MD
LG