Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Julian Assanj Ekwador döwletinden syýasy gaçybatalga soraýar


Sişenbe güni WikiLeaks saýtyny esaslandyryjy Julian Assanj Ekwador döwletiniň Britaniýadaky ilçihanasyna gaçyp atdy.

Britaniýanyň sudy Julian Assanja Şwesiýada iki sany aýal maşgala jynsy taýdan el gatanlykda bildirilýän aýyplama boýunça, ony Şwesiýa ekstradisiýa etmek barada karar çykarypdy.

14-nji iýunda Britaniýanyň Ýokary sudy ozalky hökümleri ýatyrmak barada Julian Assanjyň eden haýyşyny kanagatlandyrmakdan ýüz öwürdi. Awstraliýanyň raýaty Julian Assanj özüne bildirilýän aýyplamalary ret edýär.

2000-nji ýylda Julian Assanjyň WikiLeaks saýty Birleşen Ştatlaryň diplomatik çeşmelerine degişli gizlin hatlary internete ýerleşdirip, olary jemgyýetçilige elýeterli edip başlapdy.

Assanj özüniň Şwesiýa ekstradisiýa edilen halatynda, Şwesiýanyň häkimiýetleriniň özüni Birleşen Ştatlara tabşyrmaklarynyň mümkindigini aýdyp, muňa alada bildirýär.
XS
SM
MD
LG