Sepleriň elýeterliligi

Hosni Mubäregiň kliniki ölüm ýagdaýyna düşendigi habar berilýär


Çarşenbe güni Müsüriň resmi MENA habar agentligi bu ýurduň ozalky diktator lideri Hosni Mubäregiň kliniki ölüm ýagdaýyna düşendigini habar berdi.

Onuň saglyk ýagdaýynyň ur-tut ýaramazlaşandygy sebäpli, türmäniň keselhanasyndan harby gospitala geçirilendigi habar berilýär.

Çarşenbe güni birneme giçlik käbir habar agentlikleri ýurduň resmilerine salgylanmak bilen, 84 ýaşly Hosni Mubäregiň kislorod maskasy arkaly dem alýandygyny we onuň diridigini habar berdiler.

Iki hepdä golaý mundan ozal Müsüriň sudunyň oňa ömürlik türme tussaglygyny bermek barada höküm çykarmagynyň yzy bilen, Hosni Mubäregiň yzygiderli öz huşuny ýitirip başlandygy habar berlipdi.
XS
SM
MD
LG