Sepleriň elýeterliligi

20-nji iýunda Bütindünýä Bosgunlar Güni bellenilip geçilýär


Çarşenbe güni, 20-nji iýunda Bütindünýä Bosgunlar Güni bellenilip geçilýär. Bosgunlaryň Bütindünýä gününi belläp geçmek baradaky karar 2000-nji ýylyň 4-nji dekabrynda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilipdi.

2001-nji ýylyň 20-nji iýunynda bolsa, bosgunlaryň statusy baradaky Konwensiýanyň kabul edilmeginiň 50 ýyllygyna gabatlanylyp, ilkinji gezek Bütindünýä Bosgunlar Güni bellenilip başlanypdy.

BMG-niň Bosgunlar baradaky Ýokary Komissarlygy şu günki gün tutuş dünýä boýunça bosgunlaryň we öz ýaşaýan ýerlerinden mejbury göçürilen adamlaryň sanynyň 44 milliona golaýdygyny aýdýar.

Bu guramanyň maglumatyna görä, bosgunlaryň iň köp ýurdy Owganystan. Bu ýurda degişli bosgunlaryň sany 2 million 700-dan gowrak diýlip hasaplanylýar.
XS
SM
MD
LG