Sepleriň elýeterliligi

BDU-da 700-e golaý türkmen studenti okaýar


Belarusyň Bilim ministrliginiň geçen ýyl boýunça ýaýradan statistikasyndan çen tutulsa, bu ýurda Türkmenistandan baryp, bilim alýanlaryň sany 15 müňden sähel azrak. Belarusda bilim alýan daşary ýurtlularyň umumy sany 35 müňden gowrak diýlip, habar berilýär.

Belarus Döwlet uniwersiteti ýurduň iň uly ýokary okuw jaýlarynyň biri hasaplanýar. Oňa girmek üçin haýsy resminamalary ýollamaly? Azatlyk Radiosyndan Merdan Saryýew Belarus Döwlet uniwersitetiniň daşary ýurtly talyplar bilen işleşýän we halkara marketing bölüminiň başlygy Nadežda Alekseýewna bilen söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Ilki bilen siz ýokary okuw jaýyňyz barada gürrüň berseňiz?

Nadežda Alekseýewna: Belarus Döwlet uniwersiteti ýurduň iň gadymy ýokary okuw jaýlarynyň biri. Geçen ýyl uniwersitetimiziň 90 ýyllygyny belledik. Bizde jemi 15 sany fakultet we bir žurnalistika institutymyz bar. Şeýle-de rus dilini gowşak bilýän talyplar üçin biziň ýörite bir ýyllyk taýýarlyk kurslarymyz bar. Bu kurslardan soň talyplar hiç hili ekzamensiz uniwersitetiň islendik fakultetinde göni okuwa başlap bilýärler.

Häzirki wagtda biziň uniwersitetimizde dünýäniň 47 döwletinden, 2036 sany daşary ýurtly talyp bilim alýar. Bularyň 700-e golaýy Türkmenistanyň raýatlary.

Azatlyk Radiosy: Uniwersitete girmek üçin nähili dokumentleri taýýarlamaly?

Nadežda Alekseýewna: Ilki bilen biziň saýtymyzda ýerleşdirilen anketany doldurmaly. Ýagny, www.bsu.by websaýtyna girip, onuň “Meždunarodnaýa deýatelnost”, ýagny “Halkara işleri” bölümine girip, şondaky anketany dolduryp ibermeli. Saýtymyzyň iňlisçe görnüşi hem bar.

Mundan soň rus diline terjime edilen pasportyň, bilim baradaky şahadatnamanyň we saglyk ýagdaýy baradaky sprawkanyň nusgasyny poçta arkaly bize ýollamaly. Biziň salgymyz: Minsk şäheri, prospekt Nezawisimosti 4.

Azatlyk Radiosy: Ýagny bular e-mail arkaly elektron görnüşde däl-de, diňe kagyz ýüzündäki nusgada bolmaly, şeýlemi?

Nadežda Alekseýewna: Hawa, edil özi. Sebäbi çakylygy kabul etmek üçin, biziň uniwersitetimizde asyl nusgalaryň bolmagy şert.

Sol dokumentler bize gowşandan soň, adatda bolşy ýaly, şol talyp üçin ýer belläp goýýarys. Bizden çakylyk alan talyplara awgust aýynyň ahyrlaryna, sentýabryň başlaryna okuwa gelmeklerini maslahat berýäris. Sebäbi awgust aýynyň ortalaryndan bizde gürrüňdeşlikler, ýagny ekzamenler geçirilýär. Bir günde üç sapak boýunça ekzamen tabşyrmaly. Ýöne bu ekzamenler diýseň ýeňil.

Azatlyk Radiosy: Haýsy sapaklar boýunça ekzamen tabşyrylýar?

Nadežda Alekseýewna: Bu talybyň haýsy ugry saýlap alandygyna bagly. Bu baradaky maglumatlar hem biziň saýtymyzda ýerleşdirilendir. Mysal üçin, eger-de siz halkara gatnaşyklary bölümine tabşyrýan bolsaňyz, onda rus dili, taryh we daşary ýurt dili boýunça synag tabşyrýaňyz. Eger-de matematikany saýlap alsaňyz, elbetde, ol ýerde matematikadan synag tabşyrmaly bolar.

Şeýlelik-de bize gelen adam şu kyn bolmadyk synaglardan geçenden soň, talyplaryň hataryna hasaba alynýar.

Azatlyk Radiosy: Eger-de synag tabşyrýan käbir soraglary bilmän, synagdan ýykylsa, ol göni yzyna gaýtmalymy? Ýa-da oňa käbir ýeňillikler döredilýärmi?

Nadežda Alekseýewna: Biz adamyň köp çykdajylar edip, bu ýere okuwa girmäge gelenine gowy düşünýäris. Biz oňa ilki biziň taýýarlyk bölümimize okuwa girmegi maslahat berýäris. Bir ýyl taýýarlyk bölüminde okandan soň, ol geljek ýylda hiç hili ekzamensiz biziň uniwersitetimizde okuwa başlaýar.

Şeýlelik-de “birden geçip bilmän yzyma gaýdaryn” diýen gorky hiç kimde bolmaly däl. Elbetde, her kim talyp bolmak üçin bagtyny synap görmeli. Ýöne bu başa barmadyk ýagdaýynda-da taýýarlyk kurslaryna girmek mümkinçiligi bar.

Ýene-de bir zady belläp geçesim gelýär. Biziň uniwersitetimiz birinji ýylyň birinji semestrinde hiç kimi okuwdan çykaranok. Sebäbi biz daşary ýurtlarda okan okuwçylaryň taýýarlyk derejesini hem nazara alýarys. Olaryň ählisi diýen ýaly juda zehinli we akylly çagalar, oňa hiç hili söz ýok. Emma olara berlen bilim ýeterlik bolman biler. Şunlukda biz birinji ýylyň dowamynda aradaky bu tapawudy aýyrmak ugrunda tagalla edýäris.

Ýöne ikinji sessiýadan soň hem talyp okamak islemeýän bolsa, sapaklara sowuk-sala garaýan bolsa, onda, elbetde, ony okuwdan çykarmaly bolýar.

Azatlyk Radiosy: Okuwyň tölegi nähili?

Nadežda Alekseýewna: Töleg ABŞ-nyň dollarynda amala aşyrylýar. Bu baradaky maglumatlary biziň saýtymyzdan hem tapyp bilersiňiz.Ýöne iň pes nyrh ýylda 2700 dollar, iň ýokarysy hem 3950 dollar, bu halkara gatnaşyklary we hukuk fakultetleri üçin. Ykdysady ugurlar boýunça fakultetleriň nyrhy 3300 dollar.

Azatlyk Radiosy: Siziň okuw jaýyňyzda magistraturada we doktoranturada okamak mümkinçilikleri nähili?

Nadežda Alekseýewna: Hawa, bizde magsitraturada we doktoranturada okamak mümkinçilikleri-de bar. Başdaky bilimi, ýagny bäş ýyl bilimi biziň fakultetimizde alan talyplar, soň magistraturada bir ýyl okaýarlar. Beýleki ýokary okuw jaýlaryndan gelen talyplar üçin, magistratura iki ýyl dowam eder.

Magistraturadan soň talyplar arkaýyn doktoranturada hem okuwyny dowam etdirip bilerler.

Azatlyk Radiosy: Soňky sorajyk soragym, uniwersitetiňiz häzir resminamalary kabul edip başladymy we bu haçana çenli dowam eder?

Nadežda Alekseýewna: Hawa, biz eýýäm resminamalary kabul edip başladyk. Meniň öňde-de aýdyşym ýaly, biz ähli resminamalary alanymyzdan soň, degişli talyba çakylyk taýýarlap, ony Belarusyň ilçihanasyna ýollaýarys. Men talyplara awgust aýynda gelmegi maslahat berýärin. Sebäbi wiza alan badyna, ýagny iýul aýlaryna gelseler, olar üçin goşmaça gereksiz çykdajylar bolar. Şonuň üçin awgustyň onlaryny göz öňünde tutup, bilet alyp bolar.

Bilim ministrliginiň kararyna görä, daşary ýurtly talyplaryň resminamalaryny 15-nji oktýabra çenli kabul edip bolýar. Ýöne men bizde okamaga gyzyklanma bildirýän türkmen talyplaryna resminamalary başardyklaryndan çaltrak ugratmagy maslahat berýärin. Sebäbi bizde her fakultet üçin almaly talyplaryň sany boýunça çäklendirme bar.
XS
SM
MD
LG